JEMGYÝET

Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynyň düýbi tutuldy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbi tutuldy. Şu mynasybetli guralýan dabaranyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär. 

Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň mejlisler zalynda geçirilen Hökümet mejlisine Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, deputatlar, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz mejlisde söz sözlemek bilen, Arkadag şäheriniň gurluşyklary, onuň birinji tapgyrynyň desgalarynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk meseleleri barada durup geçdi. Şeýle-de döwlet ähmiýetli bu şäher bilen bagly Kararlara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ýaşajyk nesliň wekilleriniň haýyşy boýunça Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik senenamasynda ýazgy galdyrmak bilen, Hökümetiň göçme mejlisini jemledi.

Dabaranyň geçirilýän ýerine gelende, hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary joşgunly aýdym-sazly çykyşlary bilen garşyladylar. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýörite taýýarlanan gutyny Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň binýadyna goýmak bilen, ilkinji beton garyndysyny oklap, täze şäheriň nobatdaky desgalarynyň gurluşyklaryna badalga berdi.

Ýeri gelende bellesek, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde ähli ugurlar boýunça önümçilik toplumlarynyň gurulmagy meýilleşdirildi. Munuň özi ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ilatyň iş orunlary bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, şol bir wagtyň özünde, gündelik sarp edilýän önümleriň önümçiligini ýola goýmak, hyzmatlar ulgamyny gowulandyrmak üçin işlenip taýýarlanylan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün eder.

Köpetdagyň eteginde kemala gelýän «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak mynasybetli guralan çäre tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz şäher häkimliginiň öňünde dabaraly ýagdaýda Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylaryna täze awtoulaglaryň açaryny gowşurdy.

Şu gün bu ýerde ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm waka — Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli toý sadakasy hem berildi.

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi