JEMGYÝET

Arkadag şäherine

Uzak mesgenlerden görünýär boýuñ,

Toýuñ owazyna aşykdyr dünýä.

Türkmeniñ akylly şäherin gutlap,

Teleýaýlymlarda joşupdyr dünýä.

 

“Arkadag” sözüni bütin jahanam,

“Parahatlyk” diýip düşüner belki.

Şoñ üçin akylly, Arkadag şährin,

Bezäpdir päkligiñ, aklygyñ reñki.

 

Türkmene öwünmek adatam däldir,

Emma dünýä öwse, nädip dymaýyn.

Goýnuñda birsellem görküñe joşup,

Dertlermi başymdan aýlap zyñaýyn.

 

Kalplañ gözi sende, ruhy depäñde,

Parlap dur rahatlyk baýdagyñ ýaly.

Seniñ döreýşiñi görmegem ýeñiş,

Garramda öwünip aýdarym ýaly.

 

Payhasly ynsanlar düýbüñi tutdy,

Meger şondan bütin durkuñ akylly.

Ýakymly duýgular duýup bagryñda,

Ilim sende ýaşar, ỳaşan şekilli.

 

Pariždan, Londondan saña atlanar,

Tarypyñ eşitse jahankeşdeler.

Nuruñ bilen nurun deñemek üçin,

Günem günde Asmanyñda keşt eder.

 

Watan, kuwwadyny sende görkezdi,

Salymda sähradan jennet döredip.

Indi waspyñ etmek hem añsat, hem kyn,

Täze sözler tapyp, sözi dür edip.

 

Armasyn ýetirip gurluşykçylañ,

Arkadag her pursat gujak gerendir.

Mähir-muhabbetden dörän şäheriñ,

Meger garyş ýeri soñsuz keremdir.

 

Arkadagly Serdar, mübärek bolsun,

Täze mesgen döwlet getirsin ýurda.

Pederñiziñ paýhas-pähimi bilen,

Arkadag şäheri dörändir nurdan.

 

Goýnunda owadan toýlar toýlansyn,

Görmek nesip etsin, şol uly bagty.

Täze şähriñ gutly mübärek bolsun,

Jennete mynasyp, eý, türkmen halky.

Kerim Hallyýew 

Ýene-de okaň

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar

«Galkynyş» topary Azerbaýjanda çykyş etdi (suratlarda)

Ata Watan Eserleri

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Ata Watan Eserleri

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi