Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, görkezilen taslamalar bilen baglylykda, gurulmagy meýilleşdirilýän awtomenziliň we awtotoplumyň, şeýle-de demir ýol menziliniň taslamalary durmuşa geçirilende halkara derejede bildirilýän talaplardan ugur alynmalydygyny, şäher ilaty we onuň myhmanlary üçin ähli amatlyklaryň we mümkinçilikleriň göz öňünde tutulmalydygyny aýratyn belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň çäklerinde ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişli binalaryň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň berkligine, uzak möhletleýinligine aýratyn üns berilmelidigini belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinden Aşgabada, Awaza çenli aralyga ýokary tizlikli demir ýol şahalaryny gurmak bilen baglanyşykly meseleleriň içgin öwrenilmelidigini belläp, Arkadag şäherini paýtagt şäher Aşgabat we ýurduň beýleki şäherleri bilen baglanyşdyrýan demir ýol gatnawlarynyň häzirki zaman ülňülerine laýyk gelmeginiň, şunda ýollaryň ulanyş düzümlerine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
Şol bir wagtyň özünde, gurulmagy meýilleşdirilýän demir ýol menzilinde ýolagçylar üçin ähli zerur şertleriň, mümkinçilikleriň döredilmeginiň zerurdygy nygtaldy.
Şunda pyýadalar üçin geçelgeleriň, söwda dükanlarynyň we ýerasty geçelgeleriň gurluşygyna, olaryň abadanlaşdyryş derejesine möhüm üns berilmelidir. Häzirki zamanyň ösen tejribesinden ugur alyp, demir ýol menzilinde otlynyň gelip durjak ýeriniň ýapyk görnüşde bolmagy maksadalaýyk hasaplanýar. Şunda binanyň bezeg aýratynlyklaryna, döwrebap germewleriň, eskalatorlaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.
Şäher ilatyna we onuň myhmanlaryna edilýän ulag hyzmatlarynyň medeniýetiniň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigi nygtaldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň taslamalary durmuşa geçirilende, olaryň düzüminde häzirki zaman yşyklandyryş ulgamynyň bolmalydygyna ünsi çekip, bu ugra degişli ähli desgalaryň şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini belledi.