MEDENIÝET

Arkadag şäherinde Merkezi Aziýanyň kinofestiwaly geçiriler

Şu ýylyň oktýabr aýynda Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň kinofestiwaly geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mammedowa habar berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde “Arkadagyň säheri” atly kinofestiwala görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Ýurdumyzda kinematografiýa işiniň kämilleşdirilmegi, täze filmleriň döredilmegi we köpçülige görkezilmegi, bu ugurda dürli çäreleriň guralmagy, şeýle hem Türkmenistanyň wekilleriniň halkara kinofestiwallaryna gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Şu ýylyň 14-15-nji oktýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän kinofestiwalynyň esasy maksady ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan, türkmen kino sungatyny ösdürmekden, ösüş gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekden, şeýle hem dünýä jemgyýetçiligini sanly ulgamyň mümkinçilikleri, iň häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan Arkadag şäheri bilen tanyşdyrmakdan, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy