MEDENIÝET

Arkadag şäherinde ilkinji gezek Wena baly geçirildi

Arkadag şäherimiz batly öşüşi bilen bilelikde ajaýyp medeni çäreleriň geçirilýän ýerine hem öwrüldi. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde ilkinji gezek V Wena Baly dabaraly ýagdaýda geçirildi. Bu öwüşgünli çäre şol bir wagtda Arkadag şaheriniň we Wenanyň arasyndaky dostluk köprüsine öwrülmeginiň ajaýyp subutnamasydyr.

Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Wena Baly «ARKADAG ŞÄHERI – BAGTYŇ ŞÄHERI» atly aydym-saz bilen açyldy. Soňra tomaşaçylar Türkmen-Awstriýa bilelikdäki «Galkynyş» orkestri hem-de Birleşen tans toparlarynyň yerine yetirmeginde ajaýyp çykyşlar tomaşaçylarda ýatdan çykmajak duýgulary galdyrdy. Türkmenistanyň halk artisty Atageldi Garýagdyýewiň , Türkmenistanyň at gazanan artisti Selbinyýaz Annadurdyýewanyň, Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, Döwlet hory we Döwlet tans topary hem-de «Serpaý», «Laçyn» tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde «WENA – AŞGABAT» aýdymy hem-de beýleki kompozitorlaryň ajaýyp sazlaryndan, şeýle hem iň gowy türkmen aýdymçylarynyň we awstriýaly opera aýdymçylarynyň seslerinden lezzet aldylar.

Bu çäräniň geçirilmegi Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň döwletleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň giňelýändiginiň, netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklar şol hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar.

Wena baly Awstriýanyň paýtagtynyň özboluşly nyşanydyr. Şol ýerde her ýyl 450-den gowrak bal geçirilýär. Özüniň 200 ýyllyk taryhynyň dowamynda bu saz we wals baýramçylygy meşhurlygyny saklap galmak bilen çäklenmän, gaýtam, iň wajyp hem-de ähmiýetli çäreleriň birine öwrüldi. Şondan görelde alnyp, dünýäniň köp şäherlerinde şeýle çäreler geçirilýär. Şolaryň hataryna Arkadag şäheriniň goşulmagy has-da buýsandyrýar.

Iki halkyň medeniýetlerini we dostluk hem-de ynanyşmak gatnaşyklaryny ösdürmäge, iki ýurduň giň gerimli hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga ýardam edýän möhüm wakalaryň hatarynda Wena baly hem bar. Bu çäre ilkinji gezek türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylarynda we myhmanlarynda ýakymly täsirleri galdyrýar.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy