JEMGYÝET

Arkadag şäherinde halkara maýa goýum forumy açyldy

Şu gün Arkadag şäherinde täze açylan «Märkaw» myhmanhanasynda «Akylly» şäher Arkadag» atly halkara maýa goýum forumy geçirilýär. Onuň maksady ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, Arkadag şäherini durmuş-ykdysady, senagat taýdan ösdürmäge we «akylly» şäher konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirmäge maýa goýumlary çekmekden ybaratdyr.

Täze şäherde ilkinji gezek guralýan maýa goýum forumyna daşary ýurtlardan we ýurdumyzyň döwlet hem-de hususy düzümlerinden wekilleriň 300-den gowragy gatnaşýar. Şolaryň hatarynda BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Türki döwletleriň Söwda edaralarynyň birleşmesiniň, BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň, ABŞ-nyň «John Deere», Beýik Britaniýanyň «JCB», Täjigistan Respublikasynyň «Samo», ABŞ-nyň «Lindsay Irrigation» kompaniýalarynyň wekilleri bar.

«Akylly» şäher Arkadag» atly halkara maýa goýum forumy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. Onuň dowamynda «Durnukly ösüşiň geljegi we şäherlerdäki täze tehnologiýalar», «Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri», «Akylly» şäherleriň sanly infrastrukturasy we sanly innowasion tehnologiýalar» atly mowzuklar boýunça çykyşlara orun berlip, maýa goýumlary çekmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek we ösdürmek barada özara pikir alşylar.

Maýa goýum forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak we resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär. Ertir myhmanlar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy düzümleriň önümçilik toplumlaryna baryp görerler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Oraza baýramynyň hormatyna baýram namazy okaldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň halkara atçylyk toplumyna baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Hytaýly atşynaslar Türkmen bedewiniň milli baýramyna çagyryldy

Dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutlaýarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy bilen gutlady