JEMGYÝET

Arkadag şäherinde Çeperçilik haly kärhanasy gurlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow gurulmagy meýilleşdirilýän dürli desgalar, hususan-da, Çeperçilik haly kärhanasynyň taýýarlanylan taslamasy, onuň ýerleşjek ýerleri we gurluşyk işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri barada hasabat berdi. Şeýle-de kärhananyň umumy görnüşiniň içki hem daşky bezeg aýratynlyklarynyň şekili görkezildi.

Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek Çeperçilik haly kärhanasynda döredijilikli işlemek we oňaýly dynç almak, boş wagtyňy peýdaly geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini aýdyp, Milli Liderimiz halyçylaryň zähmetiniň aýratynlyklaryny nazarda tutup, olaryň arakesme pursatlarynda rahat dynç almaklary babatda zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi.

Önümçilik toplumy birnäçe bölümden ybarat bolup, olarda uly göwrümli halylar, tebigatyň görnüşlerini janlandyrýan halylar bölümi, surat halylar bölümi, portret we sowgatlyk halylar bölümleri döredilmelidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri döwrebap haly kärhanasynda ähli bölümler bilen bir hatarda, haly dokalanda ulanylýan gaýçy, syndy, keser, darak ýaly enjamlaryň hemişe gurat saklanmagy üçin, gadymy döwürlerden gelýän ajaýyp ýörelgelerimize laýyklykda, halyçylaryň ýörite ussahanasynyň hem bolmalydygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, önümçilik toplumynda türkmen halylarynyň taryhy, olaryň dokalyş aýratynlyklary, reňkleriniň sazlaşygy baradaky maglumatlary özünde jemleýän interaktiw enjamyň oturdylmagy maksadalaýyk bolar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Onda halyçylyga degişli ähli maglumatlar elektron görnüşde toplanmalydyr, gyzyklanma bildirýän islendik adamyň onuň mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilmegi üçin şertler döredilmelidir. Haly önümleri dokalanda häzirki zaman dizaýnerçilik çözgütleriniň peýdalanylmalydygy hem nygtaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ir döwürlerde haly dokalanda, otaglarda kakylýan daraklardan, tebigy boýaglardan tozan çykandygyny belläp, bu ýagdaýlary aradan aýyrmak bilen, häzirki wagtda ýörite kämil enjamlar arkaly haly dokalýan ýerde durnukly howany saklamaga mümkinçilikleriň bardygy barada aýdyp, guruljak haly kärhanasynda-da şeýle enjamlaryň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ýokary guramaçylyk derejesinde badalga alandygy we bu çäräniň degişli medeni maksatnamasynyň taýýarlanylandygy barada hasabat berildi. 29-njy iýunda “akylly” şäheriň dabaraly ýagdaýda açylmagyna bir ýyl dolýar. Şu mynasybetli täze şäherde baýramçylyk dabaralary meýilleşdirildi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde täze şäheriň ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi.

Ýene-de okaň

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjy öňe sürýär

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär