JEMGYÝET

Arkadag şäherinde Aziýanyň ösüş banky bilen ähtnama gol çekildi

Arkadag şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Iki tarapyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda gol çekilen resminama häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalaryň we sanly çözgütleriň ornaşdyrylan “akylly” we “ýaşyl” şäher konsepsiýasyna laýyk derejede bina edilen Arkadag şäherinde energetika, suw üpjünçiligi we şäher gürluşygy pudaklaryny ösdürmäge, bu babatda zerur bolan tehnologiýalary ornaşdyrmaga, suwy we energiýany tygşytlamaga, dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge we suwy gaýtadan ulanmaga, agzalan ugurlarda täze taslamalary işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde öňdebaryjy tejribe alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir.

Resminama gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy çykyş edip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalarynyň ilerlemeginde hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň aýratyn tagallalarynyň bardygyny nygtady. Şeýle hem ol sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygy mynasybetli dabarany guramak baradaky teklibini öňe sürdi. Munuň özi ägirt uly işlere beslenen ýyllaryň ikitaraplaýyn ähmiýetine bildirilýän hormatyň aýdyň nyşanyna öwrüler.

Gahryman Arkadagymyz aýdylan teklibi oňlady we şu günki gol çekilen resminamanyň beýik maksatlaryň amala aşmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirip, hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýda dostlukly saparda bolar