JEMGYÝET

Arkadag şäherinde 5G” tehnologiýasynyň işi ýola goýlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri saparynyň barşynda Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirligine baryp, Arkadag şäherinde aragatnaşyk ulgamynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideriniň garamagyna ilkinji gezek Arkadag şäherinde synag ediljek “5G” tehnologiýasynyň aýratynlyklary, onuň gurşap alýan çägi we bu tehnologiýanyň degişli düzümler we pudaklar üçin ähmiýeti barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde döwrebap “5G” tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini öwrenip, ony “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň düzümleriniň işine ornaşdyrmak boýunça beren tabşyryklary esasynda bu tehnologiýany Arkadag şäherinde işe goýbermäge taýýarlyk görlendigi bellenildi.

Häzirki döwürde “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan degişli işler geçirildi. “5G” tehnologiýasyny bu ýerde synag görnüşinde goýbermek üçin Hytaý Halk Respublikasynyň “Huawei” kompaniýasyndan binýatly aragatnaşyk bekediniň gelip gowşandygy habar berildi.

“5G” tehnologiýasynyň maglumat geçirijiligi ýokary bolup, onuň ygtybarly we durnukly birikmeleri üpjün edýändigi bellenildi. Bu wtehnologiýada 1 kilometr inedördül meýdançada ýüz müňlerçe enjamlary birikdirip, sazlaşykly işletmek mümkinçiligi bar.

Şeýle hem hasabatyň barşynda täze şäheriň “akylly” şäher we “akylly” öý ulgamlarynyň, önümçilik toplumlarynyň, saglyk goraýyş, bilim, senagat we oba hojalyk pudaklarynyň işini sanly ulgam arkaly dolandyrmakda “5G” tehnologiýasynyň mümkinçilikleriniň artykmaçlyklaryna üns berildi.

“5G” tehnologiýasynyň aragatnaşyk ulgamynyň “TürkmenÄlem” emeli aragatnaşyk hemrasynyň mümkinçilikleri esasynda işlemegi ýygylyk zolagynyň işiniň degişli derejede alnyp barylmagyny üpjün eder.

Bellenilişi ýaly, bu ýerde ýakynda wagtda “5G” tehnologiýasynyň işi ýola goýlar.

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde “4G+” internet ulgamynyň işine ak pata berdi

Ýene-de okaň

EKSPO-2025: Türkmenistanyň pawilýony 2 milliondan gowrak myhmany kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Stanfordly türkmen alym: “Makul Sözlük” – nesiller bilen diaspora arasynda gurlan täsin bir köprüdir

Antoniu Guterriş Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň mejlisi Türkmenistanda geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti “IGNFI” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering Corporation”kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi