JEMGYÝET

“Arkadag şäheri – ylham gözbaşy” şygyr bäsleşigi

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly tarapyndan “Arkadag şäheri- ylham gözbaşy”  ady bilen şygyr bäsleşigi  yglan edilýär. Bäsleşik türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen gurlan “Arkadag” şäheriniň birinji  tapgyrynyň açylyş dabaralaryna bagyşlanýar.

“Makul Hyzmat” Terjime merkezi we “Atavatan Danışmanlık Tercüme LTD” kompaniýasynyň sponsorlygynda geçirilýän bäsleşikde şu baýraklar we goşmaça höweslendiriji baýraklar ýeňijilere garaşýar.

Baýraklar:

  1. Birinji ýere 5 müň,
  2. Ikinji ýere 3 müň,
  3. Üçinji ýere bolsa 2 müň manat pul baýragy berler.

Mundan başga hem bäsleşige hödürlenilen goşgularyň birnäçesine eminleriň ýörite baýragy gowşurylar.

Bäsleşik “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň beýik joşgunyny özünde jemläp, ýurdumyzyň şahyr ýaşlarynyň şygyrlarynyň arasynda geçiriler. Bäsleşige hödürlenjek goşgular Arkadag şäherinden ylham alnyp döredilen bolmaly we özünde bu ajaýyp şäheriň ruhy joşgunyny beýan edilmelidir.

Bellik: Her awtor diňe bir goşgy bilen gatnaşyp bilýär. Bäsleşige gatnaşyjylar iberýän eseriniň ýanyna özi hakyndaky maglumaty (işleýän we ýaşaýan ýeri, doglan ýyly, hünäri, telefon belgisi) goşmalydyrlar. Hödürlenjek eserler emin agzalarynyň ilkinji gözden geçirmelerinden geçenden soňra saýta ýerleşdiriler.

Bäsleşige hödürlenilen we saýta ýerleşdirilen goşgular boýunça ýeňijiler emin agzalarynyň netijesi, “www.atavatan-turkmenistan.com” saýtyndaky okyjylaryň okan sany, “Atavatan TV”  kanalyndaky tomaşaçylarynyň tomaşa sany, “@atavatanturkmen Instagram” sahypasyndaky halanan sanlarynyň esasynda kesgitlener.

Bäsleşigiň netijeleri “Arkadag” şäheriniň resmi açylyş dabaralaryndan soňky bir aýyň dowamynda yglan ediler. Bäsleşigiň jemleri we ýeňijileri yglan etmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçiriler.

Bäsleşik barada has giňişleýin maglumatlary ýakyn wagtda yglan ederis.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler öz goşgularyny  “Arkadag şäheri – ylham gözbaşy” şygyr bäsleşigine diýip bellik edip, ylhamgozbasy@gmail.com salgysyna iberip bilersiňiz.

Bäsleşige hödürlenýän eserler “www.atavatan-turkmenistan.com” saýtynyň sahypalarynda çap ediler.

Ýene-de okaň

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň ylym we bilim ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Waşingtonda ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Neda Berger bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy