JEMGYÝET

“Arkadag şäheri – ylham gözbaşy” şygyr bäsleşigi

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly tarapyndan “Arkadag şäheri- ylham gözbaşy”  ady bilen şygyr bäsleşigi  yglan edilýär. Bäsleşik türkmen halkynyň Milli Lideri, hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan “Arkadag” şäheriniň birinji  tapgyrynyň açylyş dabaralaryna bagyşlanýar.

Makul Hyzmat Terjime merkezi we Atavatan Danışmanlık Tercüme LTD kompaniýasynyň sponsorlygynda geçirilýän bäsleşikde şu baýraklar we goşmaça höweslendiriji baýraklar ýeňijilere garaşýar.

Baýraklar:

  1. Birinji ýere 5 müň,
  2. Ikinji ýere 3 müň,
  3. Üçinji ýere bolsa 2 müň manat pul baýragy berler.

Mundan başga hem bäsleşige hödürlenilen goşgularyň birnäçesine eminleriň ýörite baýragy gowşurylar.

Bäsleşik “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň beýik joşgunyny özünde jemläp, ýurdumyzyň şahyr ýaşlarynyň şygyrlarynyň arasynda geçiriler. Bäsleşige hödürlenjek goşgular Arkadag şäherinden ylham alnyp döredilen bolmaly we özünde bu ajaýyp şäheriň ruhy joşgunyny beýan edilmelidir.

Bellik: Her awtor diňe bir goşgy bilen gatnaşyp bilýär. Bäsleşige gatnaşyjylar iberýän eseriniň ýanyna özi hakyndaky maglumaty (işleýän we ýaşaýan ýeri, doglan ýyly, hünäri, telefon belgisi) goşmalydyrlar. Hödürlenjek eserler emin agzalarynyň ilkinji gözden geçirmelerinden geçenden soňra saýta ýerleşdiriler.

Bäsleşige hödürlenilen we saýta ýerleşdirilen goşgular boýunça ýeňijiler emin agzalarynyň netijesi, “www.atavatan-turkmenistan.com” saýtyndaky okyjylaryň okan sany, “Atavatan TV”  kanalyndaky tomaşaçylarynyň tomaşa sany, “@atavatanturkmen Instagram” sahypasyndaky halanan sanlarynyň esasynda kesgitlener.

Bäsleşigiň netijeleri “Arkadag” şäheriniň resmi açylyş dabaralaryndan soňky bir aýyň dowamynda yglan ediler. Bäsleşigiň jemleri we ýeňijileri yglan etmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçiriler.

Bäsleşik barada has giňişleýin maglumatlary ýakyn wagtda yglan ederis.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler öz goşgularyny  “Arkadag şäheri – ylham gözbaşy” şygyr bäsleşigine diýip bellik edip, ylhamgozbasy@gmail.com salgysyna iberip bilersiňiz.

Bäsleşige hödürlenýän eserler “www.atavatan-turkmenistan.com” saýtynyň sahypalarynda çap ediler.

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Duşenbe şäherinde türkmen-täjik syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys