JEMGYÝET

Arkadag şäheri Türkmenistanda elektrikli jemgyýetçilik ulaglarynyň ulanylan ilkinji şäheri boldy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy – Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Mähriban Arkadagymyzy ulanylmagy meýilleşdirilýän döwrebap elektrobuslar we elektromobiller bilen tanyşdy hem-de olary barlap, synag edip gördi.Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde jemgyýetçilik ulaglary hökmünde ilata hyzmat etmek maksady bilen ulanylmagy meýilleşdirilýän häzirki zaman elektromobil taksileri we elektrobuslar bilen tanyşdy. Ilki bilen elektromobiliň döwrebaplygyny görmek üçin bu tehnikanyň ýangyjyň guýulmagy arkaly däl-de, elektrik energiýasy bilen işledilýändigine göz ýetirildi. Onuň üçin ulagyň elektrik zarýad beriji ulgamynyň işleýşi barlanyldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň hemişe talap edişi ýaly, ulaglaryň hereketinde ekologiýanyň arassalyk ýagdaýynyň göz öňünde tutmalydygy barada berýän görkezmeleriniň ýerine ýetirilmegini şertlendirýär.Häzirki zaman elektromobiliniň ýene-de bir uly aýratynlygy onuň gapysynda kýu-ar (QR) kodunyň bolmagydyr. Şonuň kömegi bilen Internet ulgamy arkaly elektromobil taksisi barada, hususan-da, onuň tehniki häsiýetnamalary, sürüjisi, ulagyň şäheriň haýsy künjeginde hereket edýändigi we ençeme beýlekiler barada doly maglumatlary alyp bolýar.Gahryman Arkadagymyzyň tanşan bu elektrobuslary we elektromobil taksileri hem şol “akylly” şäher maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde alnyp barlan işleriň netijesidir.Mundan başga-da, Arkadag şäherinde ulanyljak elektrobuslaryň we elektromobilleriň duralgasynyň hem-de başlanýan nokadynyň meýilleşdirilýän wagtlaýyn ýer böleginiň baş meýilnamasy, Arkadag şäherinde ulanyljak elektrobuslaryň we elektromobilleriň duralgasynyň hem-de başlanýan nokadynyň meýilleşdirilýän wagtlaýyn ýer böleginiň şekil taslamasy türkmen halkynyň Milli Lideriniň garamagyna hödürlenildi.Duralga elektrobus gelende bolsa, Gahryman Arkadagymyz we şäheriň häkimi Ş.Durdylyýew oňa mündüler. Onuň içinde Arkadag şäheriniň Awtomenzili we awtotoplumy müdirliginiň başlygy S.Atageldiýew elektrobus barada giňişleýin maglumat berdi. Elektrobusyň giň şaýol arkaly hereket edip barşyna töwerekde binagärlik-şähergurluşyk taýdan döredilen gözellik ünsüňi özüne çekýär.Elektrobus bilen tanyşdyrmagyň barşynda bu döwrebap “akylly” tehnikanyň sanly ulgam arkaly üpjün edilmeginiň netijesinde onuň gapylarynda ornaşdyrylan enjamlaryň kömegi bilen ýolagçylaryň ondan düşenleriniň, oňa girenleriniň, onuň içinde emele gelen ýolagçy sanyna çenli maglumatlary görkezip bilýändigi barada hem gürrüň berildi.Şeýle hem bellenilişi ýaly, elektrobus ýolagçylara niýetlenilen sowadyş we ýyladyş ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.Bu ýerde döwrebap elektrotaksiler hem bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz elektromobili ussatlyk bilen dolandyryp, ýolugra onuň tehniki ýagdaýyny gözden geçirdi. Bu ulaglar halkymyza hyzmatlaryň naýbaşysyny hödürlär. Ildeşlerimiziň şäheriň islendik künjegine barmaga uly mümkinçilik döreder.Täze şäheriň binagärlik aýratynlygynyň häzirki zamanyň ruhuna we ösen halkara görkezijilerine laýyk gelmegi ugrunda edilýän tagallalar oňyn netijesini berýär. Owadan we ýaşamak üçin amatly şertleri özünde jemleýän “akylly”şäher hökmünde hem Arkadag şäheri eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Munuň şeýledigine ýakynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary tarapyndan Arkadag şäherine “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, ýaşyl, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň gowşurylmagy hem şaýatlyk edýär. Bu bolsa Watanymyzyň täze şäherinde – milli kanunçylyk taýdan aýratyn hukuk derejesi berlen Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň nyşanydyr.

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi