Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy Watanymyzyň iň täze taryhynyň şöhratly sahypasy bolup, her birimiziň buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheri, hakykatdan-da, akylyňy haýran edýän täsin şäher. Köpetdagyň eteginiň taryhy künjeginde bina edilen «akylly» şäher, sözüň doly manysynda, ýaşlygyň, geljegiň, bagtyýarlygyň mekanydyr. Şäheriň ak mermerli binalary, gözel desgalary, aýna ýaly tekiz ýollary, dürli görnüşli baglary özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Iň esasy-da, onda adamlaryň ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin has oňaýly şertleriň döredilendigidir hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän innowasion sanly tehnologiýalaryň olaryň hyzmatyna berlendigidir.
Ak mermer binalaryna täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, daşky gurşaw üçin zyýansyz elektromobilleriň we elektrobuslaryň hereket etmegi, «akylly» öý hyzmatlaryndan peýdalanylmagy milli binagärligiň ajaýyp nusgasy bolan Arkadag şäheriniň ekologik taýdan arassadygyny alamatlandyrýan esasy aýratynlyklardyr. Täze şäherde ylym-bilim, medeni maksatly binalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde, saglyk we sport ulgamyna degişli desgalar ýerleşýär.
Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň çäklerinde, saglygy goraýyş, ýeňil we azyk senagaty ulgamlaryna degişli desgalary gurmak meýilleşdirilýär, olar iri toplumlar bolar. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, alym Arkadagymyz desgalaryň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmalydygyny, gurluşyk serişdeleriniň hiline we ekologiýa derejesine aýratyn üns berilmelidigini nygtady. Şunda senagat desgalarynyň daşky gurşawa ýaramaz täsiriniň öňi alynmagy ugrunda irginsiz alada edýär.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän senagat desgalarynyň daşky gurşawa zyýan ýetirmezden, ekologiýa howpsuzlygyna degişli birnäçe görkezmeleri berdi hem-de öndüriljek önümleriň ýokary hilli bolmalydygyny, munuň bolsa ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna ýardam etjekdigini belledi.
Umuman, Arkadag şäheri dünýäniň iň täze we geljegi uly şähergurluşyk hem-de inženerçilik-tehniki çözgütlerini, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen ägirt uly gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegini, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn innowasion ösüşine, ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga, halkyň ýaşaýyş derejesini we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklerini özünde jemleýär.
Erkin Atamyradow,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.