DÜNÝÄ

Arkadag şäheri Lordlar palatasynda tanyşdyryldy

Beýik Britaniýanyň Parlamentiniň Lordlar Palatasynda Birleşen Patyşalygy bilen Merkezi Aziýa, Günorta Kawkaz, Gündogar Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryna bagyşlanan “Ikitaraplaýyn söwda we senagat aragatnaşyklary ýola goýmak” atly çäre geçirildi.

Bu çärä Beýik Britaniýada akkreditirlenen Ilçiler, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili Baronessa Emma Nikolson, Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministriniň Liwan we Ukraina boýunça söwda wekilleri, britan parlamentiniň agzalary, Beýik Britaniýanyň kompaniýalarynyň we guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräni giriş sözi bilen açan Beýik Britaniýanyň Parlamentiniň Lordlar Palatasynyň agzasy Baronessa Emma Nikolson Birleşen Patyşalygy ikitaraplaýyn bähbitli esasda biziň döwletlerimiziň arasynda söwda we senagat gatnaşyklarynyň ösmegine we giňelmegine gyzyklanma bildirýändigi barada nygtady. Şeýle-de britan işewürleriniň Türkmenistanda dürli taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini belledi.

Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky Ilçisi Ý.Serýaýew öz çykyşynda Türkmenistanyň Beýik Britaniýa bilen ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda ýakyn we uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmäge hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýändigini we munuň üçin, biziň ýurtlarymyzyň arasynda ähli mümkinçilikleriň we uly kuwwatynyň bardygyny belledi.

Türkmenistanyň Ilçisi duşuşyga gatnaşyjylara täze Arkadag şäheriniň gurluşygy barada maglumat berip, onuň “akylly şäher” konsepsiýasynyň esasynda hereket etjekdigi hakynda gürrüň berdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Ilçisi öz çykyşynda Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň (TUCTIC) iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine uly goşant goşýandygy we şu ýylda London şäherinde bu geňeşiň nobatdaky mejlisini geçirmek meýilleşdirilýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili Baronessa Emma Nikolson aýdylyp geçilen teklipleriň Türkmenistan bilen Beýik Brinaiýanyň arasyndaky söwda-senegat gatnaşyklaryny ösdürmek üçin örän peýdalydygyny, britan işewürligi hyzmatdaşlygy geljekde has-da ösdürmek ugrunda we çuňlaşdyrmak üçin mümkinçilikleri ýakyndan öwrenjekdigi barada belledi.

Ýene-de okaň

2024-nji ýylda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady

Argentinanyň Prezidenti Italiýanyň raýaty boldy

Özbegistanyň medeniýet ministrine Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti diýen at dakyldy