JEMGYÝET

Arkadag şäheri dabaraly açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan täze Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar boldy. Şeýle hem ýurdumyzda ilkinji “akylly şäheriň” açylyşy mynasybetli dabaralara köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Bu dabaralara gatnaşmak üçin dünýäniň 50-den gowrak döwletinden dürli derejedäki wekiliýet gatnaşdy. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan açylyş dabarasyna Türkiýe Respublikasyndna hem uly wekiliýet gatnaşdy.  Türkiýe Respublikasynyň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyry hem-de Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen bir hatarda Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew, TÜRKSOÝ-yň  Baş sekretary Sultan Raýew hem-de Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral gatnaşdy.

“Akylly” şäher tehnologiýasy ulanylyp gurlan bu döwrebap şäheriň açylyş dabarasy«Akhan» binasynyň ýanyndan başlandy. Bu ýerde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi.

Soňra Arkadag şäherinde herket edýän elektrobuslar bilen şäheri merkezine baryldy. Bu ýerde  Arkadag şäherindäki Baş baýramçylyk meýdançasyna Türkmenistanyň Döwlet baýdagy belende galdyryldy. Soňra Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine doganlyk Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň iberen “TOGG” kysymly elektrikli awtoulaglary sowgat edildi.

Soňra döredijilik toparlarynyň taýýarlan aýdym-sazly edebi kompozisiýasyna hem-de baýramçylyk ýörişine tomaşa edenlerinden soňra, awtoulaglarda täze «akylly» şäheriň çäginde gurlan binalardyr desgalary synlap, olaryň deňlerinden geçdiler. Täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyş dabarasy hem aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow myhmanlar bilen bilelikde täze açylan öýleriň birine myhman bolup, bu ýerde ýaşamak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Şeýle-de belent mertebeli myhmanlar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binasyna baryp gördüler.

Umuman, şu gün Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda gurlan jemi 336 sany döwrebap desga ulanmaga berildi. Şäher düzümi durmuş we beýleki maksatly desgalaryň toplumyny, şol sanda çagalar baglaryny, mekdepleri, beýleki ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerini, saglygy goraýyş, medeniýet, söwda, hyzmatlar ulgamlarynyň edaralaryny, sport desgalaryny, inženerçilik ulgamlaryny özüne birleşdirýär.

“Akylly” şäher tehnologiýasy ulanylyp gurlan döwrebap 5, 7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary “Smart-сity” konsepsiýasyna esaslanýan Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Munuň özi öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamydyr.

Arkadag şäherinde halkara ülňülerine laýyk gelýän köpşahaly ýol-ulag düzüminiň bardygyny bellemek gerek. Giň şaýollar, köçeler we halkalaýyn çatryklar häzirki zaman yşyklandyryş we dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilipdir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Oraza baýramynyň hormatyna baýram namazy okaldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň halkara atçylyk toplumyna baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Hytaýly atşynaslar Türkmen bedewiniň milli baýramyna çagyryldy

Dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutlaýarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy bilen gutlady