JEMGYÝET

Arkadag şäheri boýunça dünýä metbugatynda 200-den gowrak makala neşir edildi

Malim bolşy ýaly, Türkmenistanda 2023-nji ýylyň esasy wakalarynyň biri ol hem täze döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli 29-njy iýulda möçberli dabaralaryň geçirilmegi boldy.

Arkadag şäheriniň açylyş çärelerine gatnaşmak üçin Türkmenistanda Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belgiýanyň, Wengriýanyň, Gruziýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Fransiýanyň we Ýaponiýanyň 29 sany halkara habarlar agentlikleriniň, teleýaýlymlarynyň we internet-portallarynyň wekilleri akkreditirlendi. Olaryň arasynda – «Россия-24», «Большая Азия», «CCTV», «TRT World», «TV Jahonnomo», «NHK», «Doordarshan», «Общественное телевидение Армении», «Uzbekistan-24», «Magyar Televizio», «KTRK» teleýaýlymlar, «France-Presse», «Xinhua», «IRNA», «Тренд», «Agerpress», «News Day Georgia», «Татар-информ» we beýleki habarlar agentlikleri bar.

Şeýle-de ýurdumyzda şol günler «SNG.Today» neşiriň we «МИР» Döwletara teleradiokompaniýasynyň habarçylary işledi.

Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli ähli çäreler türkmen we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan onlaýn görnüşde beýan edildi hem-de öňdebaryjy habarlar internet-platformalarda ýerleşdirildi. Häzirki wagta çenli täze şäheriň açylmagyna bagyşlanyp iki ýüzden gowrak täzelikler we wideomateriallar dünýäniň habar beriş serişdelerinde neşir edildi.

Bu habarlarda täze şäheriň sanly, maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalary özünde jemleýän “akylly şäheriň” aýdyň mysaly bolup durýandygy bellenilýär. Şäherde milli binagärligiň iň oňat nusgalary bilen bilelikde häzirkizaman şähergurluşyk we dizaýn ugurlary sazlaşykly birleşdirilendir. Bu ýerde halkara talaplaryna, şol sanda, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynyň talaplaryna laýyk gelýän toplumlaýyn infrastruktura döredilen.

Arkadag şäherine durnukly ösüş, ekologiki we innowasion çözgütleri babatynda 20-den gowrak halkara şahadatnamalaryň we sylaglaryň gowşurylmagy şeýle ägirt taslamanyň ähmiýeti barada şaýatlyk edýär.

Ýene-de okaň

“Arkadag” topary Ronaldoly “Al-Nasr” topary bilen bije çekişdi

Ata Watan Eserleri

Astana şäherinde sürüjisiz taksi taslamasy 2026-njy ýylda işe giriziler

Türkmenistan 2026-njy ýyldaky sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegi maksat edinýär

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşligi

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň Prezidentine gutlagy