JEMGYÝET

Arkadag şäheri

ARKADAG ŞÄHERI – YLHAM GÖZBAŞY

Arkadag  şäheri

Gurýan ellerde gudrat bar, binalar şaýatdyr muňa,

Eziz halka Hak medetkär, senalar şaýatdyr muňa,

Hem dünýewi hem ylahy penalar şaýatdyr muňa,

Ýalkym saçyp Köpetdaga, keşde bolup Garaguma,

Bina boldy täze şäher, ösüşlere baý şäherim,

Gözel Arkadag şäheri, Gün şäherim, Aý şäherim.

 

Gardaşy sen Aşgabadyň, şany sen gadym Ahalyň,

Topragyň, suwuň tenekar, uçmahy gülleň, nahalyň,

Gördüň Arkadagymyzyň oglan hem kämil mahalyn,

Zamananyň göwher gaşy, arzyly, gymmatbahaly,

Bina boldy täze şäher, genji-käne baý şäherim,

Gözel Arkadag şäheri, Gün şäherim, Aý şäherim.

 

Gül gujagyň milliligiň, döwrebaplygyň mekany,

Köňüllere, ýüreklere göwne baplygyň mekany,

Akdan-ak, juwandan-juwan, baky ýaşlygyň mekany,

Ýaňlanyp dur Sahy Jepbar, Şükür bagşynyň mukamy,

Bina boldy täze şäher, aýdym-saza baý şäherim,

Gözel Arkadag şäheri, Gün şäherim, Aý şäherim.

 

Gözbaşydyr täze durmuş, täze ykbal, ak ýollaryň,

Mesgenidir medenýetiň, sungatyň, ýagşy pälleriň,

Tarypyňy asyrlara elter bagtyýar illeriň,

Şanyňa şygyr söýleýär, dessan aýdýar nesilleriň,

Bina boldy täze şäher, toý-dabara baý şäherim,

Gözel Arkadag şäheri, Gün şäherim, Aý şäherim.

 

Sebitde ýeketäk şäher, täzeçil sen, akylly sen,

Çözmek isleýäne matal, pähm idäne nakylly sen,

Deňli-derejeli mekan, ýalkymly sen, ýakymly sen,

Görkleniber, erkleniber, beýgeliber aman-esen,

Bina boldy täze şäher, arzuwlara baý şäherim,

Gözel Arkadag şäheri, Gün şäherim, Aý şäherim.

 

Çarpaýa galan Akhanyň haýran eýleýär heýkeli,

Alma gözleri ýatladýar näzenin peri-peýkeri,

Çalyşmaz türkmen syrdaşyn, berseler daglar deý zeri,

Bu gün ajap şäher boldy bedewleň agynan ýeri,

Döredi geljegiň şähri, nyşanlara baý şäherim,

Gözel Arkadag şäheri, Gün şäherim, Aý şäherim.

 

 

Toýumyzda arap-ajam misli derýa deý tolkundy,

Tirsegine galdy şirler, galkyndy taryh galkyndy,

Aba Anna, Azady molla, ol Görogly beg galkanly,

Ýalkansyn Milli Lidermiz, baş binagärmiz ýalkansyn!

Bina boldy täze şäher, şöhrat-şana baý şäherim,

Gözel Arkadag şäheri, Gün şäherim, Aý şäherim.

 

Gutly bolsun täze mekan, Biribar bolsun ýaryňyz,

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz,

Goşulyp döwrüň heňine, saz edýär köňül tarymyz ,

Dost-dogana gujak açýar rysgal-döwletli törümiz,

Gözüň aýdyň türkmen ili, şöhrat-şana baý şäherim,

Gözel Arkadag şäheri, Gün şäherim, Aý şäherim.

 

                             Gurbanjemal ANNAKOWA,

“Medeniýet we syýahat” žurnalynyň jogapkär kätibi.

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi