JEMGYÝET

“Arkadag” futbol toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky garşydaşlary belli boldy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň çempiony we Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi “Arkadag” futbol topary Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň (AFK) Çagyryş ligasynda çykyş edýär.

Şu gün Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň merkezi binasynda AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalarynyň bijeleri çekildi.

Ýurdumyza wekilçilik edýän “Arkadag” futbol topary “B” toparça çyykş edip, Kuweýtiň “Al Arabi”, Maldiwleriň “Maziýa Sports end Rekrieýşen”, Gyrgyz Respublikasynyň “Abdyş-Ata” topary bilen duşuşar.

Bijeleriň netijeleri şeýle:

“A” toparça: “Ist Bengal” (Hindistan), “Nejmeh” (Liwan), “Başundhara Kings” (Bangladeş), “Paro” (Butan)
“B” toparça: “ARKADAG” (TÜRKMENISTAN), “Al Arabi” (Kuweýt), “Maziýa Sports end Rekrieýşen” (Maldiwler), “Abdyş-Ata”  (Gyrgyzystan)
“C” toparça: “Al-Ahli” (Bahreýn), “Al Futuwa” (Siriýa), “Al Seeb” (Oman), “”Hilal Al-Kuds” (Palestina)
“D” toparça: “Şan Ýunaýted” (Mýanmar), “Taýnan Siti” (Taýpeý), “Ýng Elefants” (Laos)
“E” toparça: “Madura Ýunaýted” (Indoneziýa), “Preý Khan Riç Sweý Riengt” (Kamboja), “Falkons” (Mongoliýa)

 

AFK-nyň Çagyryş ligasynyň kubogyny almak ugrundaky aryşa 18 topar gatnaşýar. toparçadaky duşuşyklar 26-njy oktýabr-2-nji noýabr aralygynda geçiriler.

Toparçadaky iň güýçli toparlar çärýek finala çykar. Çärýek final duşuşyklary 5-13-nji mart 2025 senesinde geçiriler. 9-17-nji aprelde ýarym final, 10-njy maýda bolsa, final duşuşygy oýnalar.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri