SPORT

«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň kubogynyň ýarym finalyna çykdy

Şu gün «Arkadag» futbol topary 10-njy resmi duşuşygyny geçirdi. Toparyň ýubileý duşuşygy Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň çärýek finalynyň jogap oýnuna gabat geldi.
Aşgabat «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşykda «Arkadag» futbol topary paýtagtyň «Köpetdagyny» kabul etdi. Duşuşyk 4:1 hasabynda «Arkadag» futbol toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.
Çärýek finalyň ilkinji duşuşygynda-da toparyň «Köpetdagdan» uly hasap bilen üstün çykandygyny (5:1) ýatladýarys.
Şeýlelikde, iki duşuşygyň netijesinde «Köpetdagy» 9:2 hasabynda ýeňen «Arkadag» futbol topary adyny ýarym finala ýazdyran ilkinji topar boldy.
Çärýek finalyň jogap duşuşygynda «Arkadag» toparynyň gollaryny 15-nji minutda Didar Durdyýew (11 metrlik jerime urgusyndan), 31-nji minutda goragçy Mekan Saparow, 36-njy minutda toparyň kapitany Arslanmyrat Amanow, 61-nji minutda bolsa Yhlas Toýjanow geçirdi. «Köpetdagyň» ýeke-täk goluny 25-nji minutda Ýazgylyç Gurbanow öz adyna ýazdyrdy.
Kubok bäsleşiginiň jogap oýunlarynyň beýleki duşuşyklary 20-nji maýda geçirilip, onda «Aşgabat» – «Merw», «Şagadam» – «Ahal» hem-de «Nebitçi» – «Altyn asyr» toparlary güýç synanyşarlar.

Ýene-de okaň

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri