SPORT

“Arkadag” futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasyna gatnaşar

Şu ýylyň 22-nji awgustynda sagat 15:00-da Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň (AFK) Çagyryş ligasynyň 2024-2025-nji ýyllarynyň möwsüminiň toparçalaýyn tapgyrynyň bije çekişlik dabarasy başlar. Dabara AFK House Auditorum binasynda geçiriler.

Türkmenistanyň çempiony bolan “Arkadag” futbol topary taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň iň abraýly futbol ýaryşlaryndan biri bolan AFK-nyň Çagyryş ligasyna wekilçilik eder.

Bu ýaryşa 18 topar gatnaşar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol topary Ýokary liganyň üçünji aýlawyna Rumyniýada gören taýýarlygyny üstünlikli jemledi.

Topar Rumyniýadaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň bäşisini geçirdi. Şolaryň dördüsinde ýeňiş gazanan «Arkadag» topary Buharestiň «Dinamosy» (1:0), «AKS Kids Tampa Braşow» (3:2) we «Sepsi OSK II» (5:0) toparlaryndan üstün geldi.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler