JEMGYÝET

«Arkadag» – «Al-Nasr» duşuşygynyň biletleri satylyp başlandy

Aşgabat şäheriniň häkimligi Türkmenistanyň «Arkadag» topary bilen Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparlarynyň arasynda geçiriljek AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygynyň biletleriniň onlaýn satuwyny ýola goýdy. Duşuşyk 2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda sagat 18:45-de Aşgabatdaky Olimpiýa stadionynda geçiriler.

Biletleri Aşgabat şäheriniň häkimliginiň www.ashgabat.gov.tm resmi web sahypasyndan, şeýle hem «Sanly şäher» mobil goşundysy arkaly satyn almak bolýar. Stadionda saýlanan orunlara baglylykda biletleriň bahasy 200-den 400 manat aralygynda üýtgeýär.

Guramaçylar resmi däl satyjylardan bilet satyn almagyň gadagan edilýändigini we munuň stadiona girmegiň ret edilmegine getirjekdigini duýdurýarlar. Döreden bir hasabyňyzdan (akkauntyňyzdan) bäş petege çenli satyn alyp bilersiňiz.Şeýle hem, her petek üçin adyna petek resmileşdirilýän adamyň suratyny berkitmeli. Suraty anketany doldurýan wagtyňyz düşürip bilersiňiz ýa-da öňünden täýýar suraty ýükläp bilersiňiz.

Her petegi resmileşdirmek üçin şol adamyň adyny, familiýasyny we atasynyň adyny, şeýle hem resminama belgisini görkezmeli. Ulular üçin bu pasport belgisi, 16 ýaşa ýetmedik çagalar üçin — dogluş hakynda şahadatnamanyň belgisi. Pasport belgisi girizilende, menýudan resminamanyň dogry seriýasyny hem saýlamaly.

Her bir biletiň girişiň dowamynda barlanýan, satyn alyjynyň şahsyýetini tassyklaýan resminama bilen baglanyşykly özboluşly QR-kody bar.

Janköýerler biletdäki maglumatlara laýyk gelýän pasporty ýa-da dogluş hakyndaky şahadatnamany ýanlary bilen getirmelidirler.

Ine doly bildiriş:

«Arkadag» we «Al-Nassr» futbol toparlarynyň arasynda geçiriljek duşuşygyň petekleri onlaýn görnüşde satuwa çykaryldy. Petekleri diňe ashgabat.gov.tm resmi web-saýty we «Sanly şäher» mobil goşundysy arkaly satyn alyp bilersiňiz.

Satyn alyş sahypasyna geçeniňizden soň, ilki bilen petek satyn almak baradaky ylalaşgy kabul etmeli. Ony okaň, iň soňuna çenli aşak geçiriň, “Şu Ylalaşyk şertlerini kabul edýärin” diýen ýeriň garşysynda bellik goýuň we “Dowam etmek” düwmesine basyň.

Ekranyňyzda hasaba alyş sahypasy açylar.

Hasaba alyş iki tapgyrdan ybarat.

Birinji tapgyrda telefon belgiňizi görkeziň.

Aşakda bot barlagy üçin kapçany dolduryň. Kapçada sanlaryň, baş we setir harplaryň bolup biljekdigini göz öňünde tutuň. Siziň girizýän nyşanlaryňyz şol suratda görkezilenlere gabat gelmelidir.

Eger kapça girizilende ýalňyşlyk çyksa, harplaryň registry (uly-kiçiligi) ýalňyş saýlanan bolmagy mümkin. Tegelek strelka belgisine basyp, tä size doly düşnükli we ýönekeý görnüşli hatlar çykýanda, kapçany täzeläp durup bilersiňiz.

Bot barlagyndan üstünlikli geçeniňizden soň, hasaba alşyň ikinji tapgyryna geçersiňiz.

Bu ýerde 0748 gysga belgisine awtomatiki usulda döredilen kody sms usulynda ibermeli.

Telefonyňyzda SMS ibermek üçin programmany açyň we täze hat döretmek düwmesine basyň. “Kime” diýen doldurylmaly meýdança 0748 belgisini ýazyň we hasaba alyş sahypasyndaky dört sanyly belgini ýazyp, SMS-i iberiň. Diňe SMS iberilenden soň, hasaba alyş sahypasyndaky “Barlamak” düwmesine basyň.

Eger ýalňyşlyk çyksa ýa-da hiç zat üýtgemese, diýmek siz ýa-da ýalňyş kody iberdiňiz, ýa-da telefon belgini nädogry girizdiňiz. Ähli doldurmaly meýdançalary ýene bir gezek barlap, gaýtadan synanyşyň.

Eger hemme hereketler dogry ýerine ýetirilen bolsa, öňüňizde täze sahypa açylar, telefonyňyza bolsa kodly SMS geler. Kody täze doldurylmaly meýdança giriziň we “Dowam etmek” düwmesine basyň.

Ekranyňyzda stadionyň interaktiw kartasy bolan sahypa açylar.

Gerekli petek sanyny saýlaň. Döreden bir hasabyňyzdan (akkauntyňyzdan) bäş petege çenli satyn alyp bilersiňiz. Eger birinji gezek bäş däl-de, mysal üçin — 2 petek alsaňyz, indiki gezek öz hasabyňyzdan gireniňizde diňe 3 petek satyn alyp bilersiňiz.

Üns beriň, stadionda siz oturjak ýeriňizi saýlaňzok, sektoryny saýlaýarsyňyz. Stadiondaky ýeri akylly algoritmler awtomatiki usulda belleýär. Şol sebäpli siz interaktiw kartada näçe boş ýer bardygyny görüp, satyn aljak bolýan petegiňiziň sanyna görä sektory saýlamaly.

Sektory we petek sanyny saýlanyňyzdan soň, “Dowam etmek” düwmesine basyň.

Indi petegiň eýeleri barada maglumat doldurylýan sahypa açylar. Bu ýerde 10 minudyň dowamynda maglumatlary girizmeli.

Her petegi resmileşdirmek üçin şol adamyň adyny, familiýasyny we atasynyň adyny, şeýle hem resminama belgisini görkezmeli. Ulular üçin bu pasport belgisi, 16 ýaşa ýetmedik çagalar üçin — dogluş hakynda şahadatnamanyň belgisi. Pasport belgisi girizilende, menýudan resminamanyň dogry seriýasyny hem saýlamaly.

Şeýle hem, her petek üçin adyna petek resmileşdirilýän adamyň suratyny berkitmeli. Suraty anketany doldurýan wagtyňyz düşürip bilersiňiz ýa-da öňünden täýýar suraty ýükläp bilersiňiz.

Petek resmileşdirjek adamlaryňyzyň resminama belgilerini we suratlaryny öňünden taýýarlamagy maslahat berýäris. Bular täze düşürilen suratlar ýa-da öň düşürilen maşgala suratlaryndan ýüzleriň ýakynlaşdyrylan skrinşotlary hem bolup biler. Esasy talap — ýüzler aýdyň görünmeli we göwrümi 5 megabaýtdan uly bolmaly däl. Ýadyňyzda saklaň, oýun güni stadiona girilende barlagçylar siziň şahsyýetiňizi petek resmileşdirilende berkidilen surat arkaly deňeşdirer.

Indi sahypaň aşagynda ýerleşýän sanawdan bankyňyzy saýlaň. Eger sizde “Rysgal” bankyň karty ýa-da Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň karty bar bolsa, olara degişli bölümi saýlaň. Eger başga islendik bankyň karty bolsa, “Altyn Asyr karty” bölümini saýlaň.

Sahypanyň ahyrynda ýönekeý matematiki mesele üçin jogaby doldurylmaly meýdança ýazmaly we “Dowam etmek” düwmesine basmaly.

Eger “Dowam etmek” düwmesi işjeňleşmedik bolsa, mümkin siz anketanyň bölümleriniň birini sypdyransyňyz. Başyna dolanyň we doldurylmaly ýerleriň ählisine gaýtadan serediň.

Maglumatlar dogry girizilenden soň, bankyňyzyň töleg sahypasyna geçersiňiz. Bankyňyza we brauzeriňize baglylykda interfeýsiň üýtgeşik bolup biljekdigini ýatda saklaň. Bu ýerde kartyňyzyň maglumatlaryny — belgisi, hereket edýän aýy we ýyly, kartyň ýüzünde görkezilişi ýaly latyn harplary bilen eýesiniň ady, şeýle hem kartyňyzyň arka tarapyndaky CVC kody görkezmeli. Maglumatlar girizilenden soň “Tölemek” düwmesine basyň.

Eger Tölemek düwmesi basylmaýan bolsa munuň birnäçe sebäbi bolup biler. Kartyň maglumatlaryny ýalňyş girizen bolmagyňyz mümkin, olary ýene bir gezek barlaň.

Indiki sahypada Ugratmak düwmesini basyň we bank kartynyň eýesiniň telefonyna kodly SMS gelmeli, ony täze çykan doldurylmaly meýdança girizmeli.

Gelen SMS kody girizeniňizden soňra “Tassyklamak” düwmesine basyň. Eger ýalňyşlyk barada habar çyksa, mümkin kartyňyzda ýeterlik serişdeler ýok ýa-da berlen wagtda ähli maglumatlary girizip ýetişmediňiz. Beýle ýagdaýda satyn alyş yzygiderliligini başyndan başlamaly bolarsyňyz.

Eger töleg üstünlikli geçen bolsa öňüňizde şahsy otagyňyz açylar. Onda siziň satyn alan ähli petekleriňiziň sanawy görkeziler. “Ýükläp almak” düwmesine basyp, petekleri dessine enjama ýükläp bilersiňiz we stadiona gireniňizde ulanyp bilersiňiz. Munuň üçin size internet gerek bolmaz.

Stadiona futbol oýny başlamazdan öňräk gelmegiň maslahat berilýändigini ýatda saklaň.

Eger satyn alşyň haýsydyr bir tapgyrynda siziň öňüňizde näsazlyk çykan bolsa, info@ashgabat.gov.tm salgysyna ýazyp bilersiňiz. Meseläňizi beýan ediň we mümkin bolsa, ony suratlandyrýan skrinşotlary berkidiň. Tehniki goldaw bölümi size mümkin boldugyça çalt kömek etmäge çalyşar.

 

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi

Ak şäher Aşgabat ak gara bürendi

Ata Watan Eserleri