JEMGYÝETSPORT

“Arkadag”- “Al-Nasr” duşuşygy: 500 sany meýletinçiler saýlanylyp alyndy

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasy (AFK) tarapyndan geçirilýän AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň çäklerinde Aşgabat şäherindäki “Olimpiýa” stadionynda ýurdumyzyň “Arkadag” futbol topary bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nasr” futbol toparynyň arasynda halkara derejeli futbol duşuşygy geçiriler. Bu duşuşyk ýurdumyzyň sport durmuşynda möhüm wakalaryň biridir.
Duşuşygy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, daşary ýurtly myhmanlar, wekiliýetler, eminler, türgenler hem-de tomaşaçylar üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen giň möçberli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu ugurda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplaryndan 500 sany meýletinçiler saýlanylyp alyndy. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berilýär. 
Şeýle-de daşary ýurtly myhmanlar we futbol toparlary bilen işleşmek üçin daşary ýurt dillerini kämil bilýän 15 sany meýletinçiden ybarat ýörite topar, şeýle hem media hyzmatlaryna ýardam berjek sport žurnalistikasy hünäriniň 15 sany talybyndan düzülen meýletinçi media topary döredildi. Umumy meýletinçilik işlerine ýokary okuw mekdebimiziň 50 sany mugallym jogapkär edilip bellenildi.
Meýletinçileri taýýarlamak boýunça ýörite okuw sapaklary 2026-njy ýylyň 13–22-nji ýanwary aralygynda geçiriler. Okuwlaryň dowamynda meýletinçileriň sport ýaryşlarynda orny, etiketi, tomaşaçylar bilen netijeli aragatnaşyk, hyzmat medeniýeti, howpsuzlyk düzgünleri, adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmek hem-de halkara sport protokoly boýunça giňişleýin maglumatlar öwrediler.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen bilelikde AFK-2 Çempionlar ligasynyň duşuşygyny ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk işleri dowam etdirilýär.

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary Antaliýadaky ýygnanyşykda bolgar kluby bilen duşuşar

Saýlawlar boýunça saýlaw möwsümi başlady

Türkmenistan “Rona” atly eýran ýük gämisini halas etdi

Maýkl Karrik “Mançester Ýunaýted” toparynyň tälimçisi boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda halkara matematika olimpiadasy geçiriler

“Arkadag” toparynyň garşydaşy “Al-Nasr” 3 oýundan bäri ýeňilýär

Ata Watan Eserleri