SPORT

Argentina Kopa Amerikada ýarym finala çykdy

ABŞ-da dowam edýän Amerikanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň 1/4 finalynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Lionel Messili Argentina bilen Ekwador duşuşdy.

Duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Argentinadan 35-nji minutda goragçy Lisandro Martines tapawutlandy. Ekwador bolsa, 90+5-nji minutda Kewin Rodrigesiň goly bilen hasaby deňledi.

Ýeňiji 11 metrlik jerime urgulary esasynda belli boldy. Argentinandan Lionel Messi ilkinji bolup, 11 metrlik jerime urgusyny urup, tapawutlanyp bilmedi. Ony argentin derwezeçisi Emiliano Martines Ekwadorlaryň 2 goly tutup, Argentinanyň 4:2 hasabynda ýeňmegine goşant goşdy.

Argentina 5-nji gezke yzly-yzyna Amerikanyň Kubogynda ýayrm finala çykdy. Messili Argentinanyň garşydaşy Wenesuela-Kanada duşuşygyň ýeňijisi bolar.

Amerika Kubogy ugrundaky ýaryş 21-nji iýun-15-nji iýul aralygynda geçirilýär. Bu kubogy soňky gezek gazanan Argentinadyr. 2021-nji ýylyň finalynda Braziliýany 1:0 hasabynda utupdy.

Argentina bilen Urugwaý bu arzyly kubogy 15 gezek gazanan milli ýygyndylardyr.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady