Ýakyn Gündogarda ilkinji gezek Katarda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionaty tamamlandy. 64 duşuşykdan ybarat bolan futbol baýramçylygy Lionel Messili Argentinanyň çempionly bilen tamamlandy.
Dünýä çempionatyna şosuz başlan, ýagny Saud Arabystanyna 2:1 utulyp, köp sanly janköýerleri gynandyran Argentina soňra kem-kemden tijenip, çempionlyga ynamly ädim ätdi.
Final duşuşygy Katardaky dünýä çempionatynyň iň uly stadiony bolan Lusail stadionynda geçirildi. Duşuşyga ynamly başlan Argentina 23-nji minutda Messiniň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren goly, soňra 36-njy minutda Anhel Di Mariýanyň goly bilen 2:0 hasabynda öňe saýlandy.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda Fransiýa 80-nji 81-nji minutda Kilian Mbappe bilen hasaby deňledi. Duşuşyga 30 minutlyk goşmaa wagt berildi. Bu wagtyň 108-nji minutynda Messi Argentinany 3:2 hasabynda öňe geçirdi. Ýöne ýene-de Mbappe 118-nji minutda 11 metrlik jerime urgusy bilen hasaby deňledi.
Çempion 11 metrlik jerime urgulary bilen belli boldy. Argentina 4:2 hasabynda utdy. Argentinanyň derwezebany Emiliano Martines gowy netije görkezdi.
Şeýlelikde, Argentina 36 ýyldan soňra täzeden dünýä çempiony boldy. Mundan ozal, 1978-nji we 1986-njy ýyllarda Argentina çempion bolupdy.
MESSI ARZUWYNA ÝETDI: 42-NJI KUBOGYNY GAZANDY
Lionel Messi arzuwyna ýetdi. Karýerasynda ýeke-täk bolmadyk kubogyny, ýagny dünýä çempionatynyň kubogyny gazanmagy başardy. Messi Argentinanyň milli ýygyndysy bilen 3 sany kubok gazandy. Olaryň biri Kopa Amerika, Finallisima we Dünýä kubogy boldy.
MESSI ÇEMPIONATYŇ IŇ GOWY FUTBOLÇYSY BOLDY
Bu dünýä çempionatynda köp sanly rekordlary gazanan Messi şol bir wagtda çempionatyň iň gowy futbolçysy boldy. Onuň esasy garşydaşy Kilian Mbappe çempionatda 8 gol geçirip, çempionatyň iň köp gol geçirne futbolçy baýragyna mynasyp boldy.
Çempionatyň iň gowy derwezebany argentinali Emiliano Martines, iň ýaş futbolçysy bolsa, ýene-de argentinaly Enzo Fernandes boldy.
