DÜNÝÄ

Ärdogan: Ýakyn wagtdaTürkiýede gadyrly myhman hökmünde kabul etmäge şatdyryn

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi. Ol gutlag hatynda ýakyn wagtda Siziň Alyhezretiňizi Türkiýede gadyrly myhman hökmünde kabul etmäge şatdyryn hem-de şeýle mümkinçilikden peýdalanyp, geljekki bilelikdäki ädimlerimizi ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyryn diýip belleýär. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hatynda hususanda şeýle diýilýär:

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hor­mat­ly je­nap saý­la­nan Pre­zi­dent!

Ga­dyr­ly do­ga­nym!

Siziň Alyhezretiňizi doganlyk türkmen halkynyň ýokary ynamyna mynasyp bolup, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Saýlawlaryň asuda hem-de saýlawçylaryň ýokary işjeňlik ýagdaýynda geçendigi aýratyn buýsandyrýar.

Siziň kakaňyz, gadyrly Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ägirt uly üstünlikler gazanan Türkmenistanyň Siziň Alyhezretiňiziň ýolbaşçylygynda şol gazanylanlary has-da ösdürip, geljekde hem uly sepgitlere ýetjekdigine berk ynanýaryn.

Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden hem-de diplomatik gatnaşyklary ýola goýan döwlet bolmak bilen, geçen 30 ýylyň dowamynda Siziň ýurduňyz bilen doganlyk gatnaşyklaryny hemişe pugtalandyryp gelýär. Şol döwürde doganlyk köklerimizden kuwwat alýan gatnaşyklarymyz özara hormat goýmak, netijeli hyzmatdaşlyk esasynda ýurtlarymyzyň hem-de doganlyk halklarymyzyň umumy bähbidine, şeýle hem sebitimizde durnuklylygyň kemala gelmegine we okgunly ösüşiň gazanylmagyna uly ýardam berdi. Häzirki wagtda bolşy ýaly, mundan beýläk-de Türkmenistan bilen ýakyn gatnaşyklary dowam edip, türkmen doganlarymyzyň üstünliklerine buýsanarys.

Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de özara saparlaryň netijesinde gatnaşyklarymyz soňky döwürde hil taýdan täze derejä çykaryldy. Geljekde hem Siziň Alyhezretiňiziň goldaw bermeginde ösüş ýolumyzy okgunly dowam etdirip, söwda-ykdysady, energetika, maýa goýum, bilim we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagy maksat edinýäris.

Ýakyn wagtda Siziň Alyhezretiňizi Türkiýede gadyrly myhman hökmünde kabul etmäge şatdyryn hem-de şeýle mümkinçilikden peýdalanyp, geljekki bilelikdäki ädimlerimizi ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlikler, türkmen doganlarymyza bolsa abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw edýärin.

Rejep Taýyp ÄRDOGAN,

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti

Saýlanan Prezident Serdar Berdimuhamedow ynam bildiren saýlawçylara minnetdarlyk bildirdi

Ýene-de okaň

Özbegistan dünýäniň iň kiçi ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň saglyk we sosial goraýyş ministri bilen duşuşygy

Türkmenistan Tbilisi şäherinde Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan stendi bilen tanyşdy

Türkmenistan Stambul şäherinde Nowruz baýramçylygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

22-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi