JEMGYÝET

Ärdogan: Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup goldandygymyza hemişe buýsanýarys

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Şol gutlag hatynda Prezident Ärdogan Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup goldandygymyza hemişe buýsanýandyklaryny belledi.

Şeýle hem dünýäniň iri döwletleriniň döwlet ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentine Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatlaryny iberdi. Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Ermenistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň Prezidentleri bilen bir hatarda Ýaponiýanyň imperatory, Saud Arabystanynyň Patyşasy, Ispaniýanyň Koroly gutlag hatlaryny ýollapdyr.

Bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Prezident, gadyrly doganym!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi, doganlyk türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Biziň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup goldandygymyza hemişe buýsanýarys. Biz Türkmenistany ata-babalarymyzyň Watany hasaplaýarys. Ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň pugtalandyrylmagy örän guwandyryjydyr.

Siziň Alyhezretiňiz, pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!

 

Ýene-de okaň

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar

«Galkynyş» topary Azerbaýjanda çykyş etdi (suratlarda)

Ata Watan Eserleri

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Ata Watan Eserleri

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi