JEMGYÝET

Ärdogan türkmen halkynyň Milli Liderini gutlady

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Gadyrly doganym!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we doganlyk türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Ata Watanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurt bolandygymyza hemişe buýsanýarys.

Biziň doganlyk halklarymyzyň arasyndaky taryhy we medeni umumylyga daýanýan gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna Siziň goşýan uly şahsy goşandyňyz esasynda dürli ugurlarda barha işjeňleşýän ikitaraplaýyn görnüşdäki hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň we Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklarymyzyň bilelikdäki tagallalar netijesinde geljekde has-da giňeldiljekdigine ynanýaryn.

Gadyrly doganym, pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin!

Rejep Taýyp ÄRDOGAN,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri