DÜNÝÄ

Arap dünýäsiniň ilkinji atom elektrik bekedi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Muhammed ben Raşid Al-Maktum arap dünýäsinde ilkinji atom elektrik bekediniň işe girizilendigini habar berdi. Abu-Dabidäki “Baraka” elektrik bekediniň 1-nji blogyny ýangyç bilen doldurylyp, toplumlaýyn synagdan geçirilendigi mälim edildi.

«BAE-niň arap dünýäsinde ilkinji parahatçylykly atom reaktoryny, Abu-Dabidäki «Baraka» atom elektrik bekedini işe girizmekde üstünlik gazanandygyny mälim edýäris» – diýip, Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministri Al-Maktum özüniň «Twitter» jemgyýetçilik torundaky hasabyndan mälim etdi.

Onuň bellemegine görä, BAE 4 sany atom elektrik bekedini işe girizip, onuň bilen döwletiň elektrik energiýasyna bolan zerurlygynyň dörtden bir bölegini howpsuz, ygtybarly we daşky gurşawy hapalanmaýan görnüşde üpjün etmegi meýilleşdirýär.

“Baraka” elektrik bekedi 4 energoblokdan ybarat bolup, onuň umumy kuwwaty 5,6 megawatta deňdir. Bu taslama Koreýanyň elektrik energiýasy korporasiýasy (KEPCO) tarapyndan durmuşa geçirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk

Türkmen wekiliýetiniň Germaniýada geçiren duşuşyklary

Ata Watan Eserleri

Germaniýanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň ministrlerini kabul etdi

Türkmenistan “Germaniýa-Merkezi Aziýa” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy