JEMGYÝET

Aral milli maksatnamasy işlenip taýýarlanylýar

Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasyny işläp taýýarlamak we onuň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek boýunça Pudagara topary döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, ählumumy gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça köptaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi. Şunda, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine möhüm orun degişlidir.
Milli Liderimiziň bu ugurda öňe sürýän işjeň başlangyçlary dünýä bileleşiginiň hemmetaraplaýyn goldawyna mynasyp bolýar. Şolary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.
Türkmenistan halkara Konwensiýalaryň 20-sine we ekologiýa, daşky gurşawy goramak boýunça köptaraplaýyn resminamalara goşuldy. Şolaryň bäşisine geçen ýylyň dowamynda goşuldy. Munuň özi bu ugurlarda milli, sebit we halkara derejedäki netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin pugta hukuk binýadyny emele getirýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýokarda agzalan ugurlar boýunça öňe süren başlangyçlarynyň hatarynda Aral deňzi we bu zolakdaky ekologiýa ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça teklipleriniň aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Şolary durmuşa geçirmek maksady bilen, 2019-njy ýylda BMG-niň Aral sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň Konsepsiýasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu resminama şol ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda geçirilen köptaraplaýyn geňeşmeleriň dowamynda beýan edildi.
Häzir Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şol Ýörite maksatnamany döretmek boýunça Kararnamanyň taslamasy Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş toparyna (ESKATO) agza ýurtlaryň garamagyna hödürlenildi. Oňa 2021-nji ýylyň aprel aýynda geçiriljek ESKATO-nyň nobatdaky mejlisinde garamak meýilleşdirilýär.
Aralyň guramagy netijesinde emele gelýän ýaramaz ýagdaýlary aradan aýyrmak boýunça işleri yzygiderli dowam etmek üçin, milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Aral milli maksatnamasynyň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanyldy. Onda Aral sebitiniň durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça milli derejedäki çäreleriň esasy ugurlary kesgitlenildi.
Bu Konsepsiýa ilatyň ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmek, suw serişdelerini dolandyrmagyň we peýdalanmagyň ulgamyny kämilleşdirmek, tokaý zolaklaryny döretmek we biodürlüligi goramak ýaly wajyp wezipeleri öz içine alýar.
Aral sebitinde ykdysady abadançylygy ýokarlandyrmak, oba hojalygy ösdürmek we ýerden peýdalanmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak ýaly ugurlary öz içine alýan ýörite senagat zolagyny döretmek boýunça çäreler göz öňünde tutulýar.
Tassyklanan ugurlaryň hatarynda ýaşaýyş jaýlaryny we durmuş maksatly desgalary gurmak, daşky gurşawy goramakda täzeçil we döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak, ylmy-barlag işlerini geçirmek we ilatyň ekologiýa ugry boýunça sowatlylygyny ýokarlandyrmagyň usullaryny kämilleşdirmek ýaly wezipeler bar.
Bu konsepsiýa esaslanyp, Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllarda Aral boýunça Milli maksatnamasyny taýýarlamak we onuň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek üçin Pudagara topary döretmek teklip edilýär. Ol hemişelik esasda hereket etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz  hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Aral meselesiniň ýaramaz täsirlerini ýeňip geçmek boýunça döwletara gatnaşyklar üçin möhüm binýat bolan we ähmiýeti sebitiň çäklerinden daşyna çykýan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerinde möhüm orun eýeleýändigini we Aral meselesiniň çözgüdine uly üns berýändigini belledi.
Milli Liderimiz hödürlenen Karara gol çekdi we ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna iberdi hem-de 2021 — 2025-nji ýyllarda Aral boýunça Milli maksatnamany taýýarlamak babatda Pudagara toparyň netijeli işini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Ýene-de okaň

«Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy

Birol Güwen: Türk dünýäsi bilen bilelikdäki filmleri surata düşürmek taslamamyz bar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

Baýraktar: Türkmenistanyň gazyny Azerbaýjanyň üsti bilen almak mümkin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistan “ITTC-2024” halkara ulag forumyna taýýarlyk görýär

Ata Watan Eserleri