JEMGYÝET

Aral meselesi: Türkmenistanyň tagallalary

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherindäki «Kasri Millat» köşgünde dowam edýän Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda häzirki duşuşygyň ýurtlarymyzyň gatnaşyklarynyň ýokary derejesine we sebit meselelerini raýdaşlyk esasynda çözmäge ymtylmalaryna şaýatlyk edýändigini belläp, Aral meselesi boýunça Türkmenistan tarapyndan bitirilen işlerdir öňe sürlen başlangyçlar barada jikme-jik durup geçdi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär. 

Döwlet Baştutanymyz sammitde eden çykyşynda: «Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkara forumlarda hemişe Aral meselesiniň sebitimiziň çäginden çykyp, hakykatda ählumumy jogaby talap edýän ählumumy meselä öwrülendigini belleýär. Biziň ýurdumyz öz başlangyçlaryny milli derejede-de, halkara giňişlikde-de anyk işler arkaly berkidýär» diýmek bilen, şol işleriň käbirlerini ýatlap geçdi. Bu ýerde gürrüň, hususan-da, 2012-nji ýylda tassyklanan howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy hakynda barýar. Onda Aral meselesi, aýratyn-da, Aralyň guramagynyň daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsirini azaltmak meselesi öz beýanyny tapdy. Hormatly Prezidentimiz häzirki günüň ýagdaýlarynyň nazara alnyp, 2019-njy ýylda bu strategiýanyň gaýtadan tassyklanandygyny, onuň yzysüre bolsa Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasynyň kabul edilendigini belledi. Maksatnamada ykdysady, durmuş, ekologiýa, suw ulgamlarynda taslamalaryň 86-syny durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2018-nji we 2019-njy ýyllarda «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalar kabul edildi. Şeýle-de 2023-nji ýylyň 19-njy maýynda BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş geňeşi tarapyndan «BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny döretmegiň şertlerine seretmek» atly Kararnama kabul edildi. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýdyp, ýurdumyzyň geljekde-de öňe sürlen başlangyçlary durmuşa geçirmek ugrunda çykyş etjekdigini tassyklady.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri