DÜNÝÄ

Aral deňziniň basseýininde ýerleşýän ýurtlara kömek

2018-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Aşgabatda Aral deňziniň basseýininde ýerleşýän ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň täze Maksatnamasyna (ADBM-4) bagyşlanan wideomaslahat geçirildi. Bu çärä Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň (AHHG-niň) Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärleri, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň milli bilermenleri we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşygyň başynda milli bilermenler öz ýurtlarynyň taslamalaýyn tekliplerini taýýarlamak boýunça hasabatlaryny berdiler.

Ara alnyp maslahatlaşmalaryň netijeleri boýunça hemme taslamalaýyn teklipler 2018-nji ýylyň 30-njy dekabryna çenli AHHG-niň Ýerine ýetiriji komitetine iberilmeli diýlip ylalaşyldy we ADBM-4 boýunça sebitleýin iş toparynyň indiki duşuşygyny 2019-njy ýylyň mart aýynyň ikinji ongünlüginde Aşgabatda geçirmek baradaky karara gelindi. Mundan başga-da, şol duşuşygyň öňüsyrasynda iki sany wideomaslahat geçirmek barada ylalaşyldy.

Şeýle hem Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň we Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň milli bilermenlere maslahat beriji kömekleri bermäge taýýardyklary barada aýdylyp geçildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar