BIZNES

Aprel aýynda Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň Tejen-Mary bölegi ulanmaga berler

Şu ýylyň aprel aýynda Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen-Mary bölegini ulanmaga bermegiň dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada wise-premýer M.Mämmedowanyň aprel aýynda geçiriljek esasy baýramçylyk çäreleriniň hem-de ulanmaga beriljek desgalaryň açylyş dabaralary boýunça hasabatynda bellenilip geçildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleriň hatarynda Bütindünýä saglyk güni, Oraza baýramy, Türkmen bedewiniň milli baýramy, Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen-Mary böleginiň hem-de Mary şäherindäki durky täzelenen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabaralaryny görkezmek bolar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Täjigistandaky Medeniýet günlerini, Söwda toplumynyň sergisini, Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli sergini we maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda «Aşgabat-Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 203 kilometrlik «Aşgabat-Tejen» böleginiň açylyş dabarasy geçirilipdi.

Aşgabat – Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýoly taslamasyny durmuşa geçirmek arkaly Türkmenistan iri göwrümli ulag-aragatnaşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde hem-de ösdürilmeginde özüniň ygtybarly hyzmatdaş bolup çykyş edýändigi baradaky oňyn abraýyny ýene-de bir tassyklaýar.

Ýene-de okaň

Täjigistanyň Ilçisi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Gazagystana elektrik energiýasyny ibermäge taýýar

Türkmenistanyň SPЕKA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 2,2 mlrd ABŞ dollaryndan geçdi

Türkmenbaşydaky zawodda 4 milliondan gowrak nebit gaýtadan işlenildi

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 100 milliard ABŞ dollaryndan geçdi

«Ýaşyl» ösüş boýunça tejribe alşyldy

Ata Watan Eserleri