TEHNOLOGIÝA

“Apple”: täze elektron enjamlaryny hödürledi

“iPhone” smartfonlary bilen dünýä belli “Apple” kompaniýasy özüniň täze önümlerini – “iPhone SE” arzan bahaly samrtfonuny, “iPad Air” planşetini we beýleki önümlerini hödürledi. Bu barada kompaniýanyň saýtynda bellenilip geçilýär.

5G ulgamly “iPhone SE” smartfon köpleriň ünsüni çekdi. Ol arzan bahasy bilen tapawutlandy. 4,7 dýuým ekranly goýy gök, ak we gyzyl reňkli smartfonlaryň bahasy 429 dollara barabardyr. Ony 18-nji martdan sargyt edip bolar.

“iPad Air” planşeti hem 5G ulgamyny goldaýar we onuň bahasy hem 599 dollara deňdir.

ABŞ-nyň kompaniýasynyň hödürlän “Mac Studio” we “Studio Display” kysymly iş stoly kompýuterleri hem özleriniň güýçli taraplary bilen tapawutlandy.

Şeýle hem kompaniýa iň soňky M1 Ultra prosessoryny hödürledi. “Apple” -iň pikiriçe, onuň güýji M1 prosessorynyň güýjünden sekiz esse köp, sekuntda 22 trillion amal ýerine ýetirmäge ukyply.

 

Fransiýada 12 dalaşgärli prezident saýlawlary

Ýene-de okaň

Emeli aň üçin 100 milliardlyk şertnama

«Bir penjire» ulgamy: 120 müňe golaý resminama elektron görnüşde resmileşdirildi

Albaniýa dünýäde ilkinji bolup emeli aňy ministr edip belledi

Ata Watan Eserleri

“OpenAI” kompaniýasy “Oracle” bilen 300 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy

“Apple” täze “iPhone 17” we “17 Pro”-ny tanyşdyrdy

Amerikada hususy pudakdan emeli aň sowatlylygy we bilimi üçin milliardlarça dollarlyk goldaw