TEHNOLOGIÝA

“Apple” – iň gymmat tehnologiýa kompaniýasy

2024-nji ýylda “Apple” korporasiýasy tehnologiýa kompaniýalarynyň iň gymmatly markalarynyň sanawynda birinji ýeri eýeledi. Bu barada “Brand Finance” halkara maslahat guramasy hasabatynda habar berdi.

Berlen maglumatlara görä, “Apple” brendiniň gymmaty 2023-nji ýyldan bäri 74% ýokarlanyp, 516,6 milliard dollara ýetdi we “Microsoft” korporasiýasy sanawda ikinji orny eýeledi, markasynyň bahasy 340,4 milliard dollar boldy (78% ýokarlandy).

“Google” kompaniýasynyň markasynyň bahasy 333,4 milliard dollar bilen üçünji ýerde durýar. “Amazon” markasynyň bahasy 308,9 milliard dollara (3,2 göterim ýokarlamak) ýokarlandyrmak bilen dördünji orunda barýar.

“Brand Finance” 20 ýurtdaky wekilhanalary bilen öňdebaryjy halkara marka baha beriş kompaniýasydyr.

Ýene-de okaň

Hindistan 2040-njy ýylda Aýa kosmonawt iberer

“Nissan”, “Honda” we “Mitsubishi” birleşýär

Hytaýda 5G ulanjylaryň sany 1 milliarddan geçdi

Ilon Mask elektron poçta ulgamyny döreder

Ata Watan Eserleri

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty

Gazagystanda emeli intellekti ösdürmek boýunça geňeş dörediler