TEHNOLOGIÝA

“Apple”-iň eplenýän telefony

Häzirki wagtda dünýäde tehnologiýa pudagyna köp üns berilýär. Her gün diýen ýaly, adamlary geň galdyryjy tehnologiýalar peýda bolýar. Birnäçe ýyllar mundan ozal, eplenýän telefonlar ulanyşa hödürlenjekdigini asla göz öňüne getirip bilmezdik.

Indi bolsa käbir kompaniýalar, ýagny “Samsung” we “Huawei” ýaly kompaniýalar bu taslamany üstünlikli durmuşa geçirdiler. Amerikanyň “Apple” kompaniýasy hem 2023-nji ýylda özüniň eplenýän telefonyny çykarmagyna garaşylýar. Bu barada “Omdia” halkara gözleg kompaniýasy habar berýär.

Öndüriljek eplenilýän “iPhone” telefonyň ekrany doly açyk mahalynda, ekranyň ölçegi 7,3 dýuýma barabar bolar. Şeýle hem telefonyň aýnasy himiki taýdan çydamly keramiki aýnasy bilen üpjün ediler. Akylly telefonyň operatiw ýady 8GB we içki ýady bolsa 1 TB bolmagyna garaşylýar. Mundan başga-da telefonda “Apple Pencil” kömekçi taýajygy hem bolar.

Telefonda ýerleşýän selfi kamerasy, ekranyň aşagynda ýerleşdirerler. 2023-nji ýylda “Apple” kompaniýasy özüniň eplenýän telefonyny tanyşdyrsa, onda telefonyň bahasy takmynan 1.500 dollar töweregi bolar diýip çaklanylýar.

 

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

 

 

Ýene-de okaň

Soňky 3 ýylda emeli Intellekt baradaky çaklamalar näderejede üýtgedi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Hemişe onlaýn: «TELECOMWIFI» we «TM CELL»-iň amatly internet teklipleri

«Türkmentelecom» «bulut» infrastrukturasynyň mümkinçiliklerini artdyrýar

ABŞ-ly kompaniýa Aýda myhmanhanalar gurmagy meýilleşdirýär

“Teltronic” Türkmenistanyň esasy pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň mümkinçiliklerini görýär

Pekin emeli aňyň paýtagtyna öwrüler