JEMGYÝET

Ankarada türkmen-türk toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi

Şu gün Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi. Oňa Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Ataýgulyýew başlyklyk etdi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň diwanynda geçirilen hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisiniň netijeleri boýunça teswirnama gol çekildi. Soňra türkmen we türk taraplar metbugat wekillerine ýüzlendi.

Türkiýäniň wise-prezidenti hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça 87 maddadan ybarat bolan teswirnama gol çekilendigini belledi.

MILLI ÖNÜMLERIŇ SERGILERI GURNALAR

2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 2,2 milliard dollara barabar bolandygyny bellän Jewdet Ýylmaz söwda-ykdysady gatnaşyklary barada şeýle diýdi:

– Söwda gatnaşyklarymyz okgunly ösüşe eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hem eksportunda hem-de importunda 2-nji orunda bolmak bizi buýsandyrýar. 1-nji orna geçmegi arzuw edýäris. Döwlet Baştutanlarymyzyň tabşyryklary esasynda söwda dolanyşygynyň möçberini 5 milliard dollara ýetireris. Bu öňde goýlan maksada ýetmek üçin bilelikde tagalla ederis. Şeýle hem Türkmenistanda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi we Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi ýaly ykdysady çäreleri gurap, hususy pudagyň wekilleriniň duşuşyklaryny gurnamagy dowam ederis.

TÜRKMENISTANYŇ TEBIGY GAZY TÜRKIÝÄ GELER

Energetika pudagynda Türkiýäniň “BOTAŞ” kompaniýasy bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasynda gol çekilen şertnama bilen Türkmenistanyň tebigy gazy 2025-nji ýylyň 1-nji martyndan Türkiýä iberilip başlanmagynyň göz öňünde tutulýandygyny bellän wise-prezident Jewdet Ýylmaz munuň uly üstünlikdigini belledi.

– Ilkinji tapgyrda 1.3 milliard kubmetr tebigy gaz “swop” usuly bilen geler. Munuň başlangyç bolup, soňky tapgyrlarda has ýokary görkezijilere ýetiler. Türkmenistanyň tebigy gazynyň hem-de elektrik energiýasynyň Türkiýä we onuň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna iberiljekdigine ynanýarys.

Şeýle hem Türkmenistanyň uglewodorod ýataklarynyň özleşdirilmegi we bu serişdeleriň Türkmenistanyň günbatar bölegine iberilmegi babatda infrastruktura taslamalaryna Türkiýäniň “TPAO” we “BOTAŞ” ýaly döwlet kompaniýalarynyň gataşmagy ugrunda degişli işleri alyp barýarys – diýip, Jewdet Ýylmaz belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Gyrgyzystana sapary başlandy

Türkiýäniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlyklary duşuşdy

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyny kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Türkiýede saparda bolýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri Gyrgyzystanda saparda bolar

BAE-niň ilçisi: Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar

Ata Watan Eserleri