MEDENIÝET

Anjelina Joli kitap ýazýar

Dünýä belli aktrisa Anjelina Joli we çaganyň hukuklary boýunça aklawçy Geraldine Wan Bueren bilen hyzmatdaşlykda çagalaryň hukuklary babatda kitap ýazýar.

Taslamanyň esasy maksady çaga hukuklarynyň goramakdan we olaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmekden ybaratdyr.

“Hak-hukuklaryňyzy biliň” atly bu kitap 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Angliýada “Andersen Press” neşirýaty we beýleki halkara neşirçiler tarapyndan çap ediler.

Geraldine kitap barada şeýle diýýär: ”Bu kitap ýaşlar üçin uly gollanma bolar. Diňe olara habar bermek bilen çäklenmän, eýsem bu kitap zerur bolanda salgylanma hökmünde ulanmaga mümkinçilik berer.”

Kitap 13 we ondan ýokary ýaşly çagalar üçin taýýarlanylýar. Onda sagdyn ýaşaýyş we durnukly gurşaw we olaryň hakyky dünýäde ulanylyşy ýaly köp sanly ugurlar bardyr.

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Ýene-de okaň

Aşgabadyň teatrlarynda Täze ýyl üçin teatr oýunlary görkeziler

Türkmenistanyň Döwlet sirki Täze ýyl baýramçylygy çykyşlaryny hödürleýär

Türkmenistan we Ýaponiýa ýaýlymlaryň 4K görnüşinde hyzmatdaşlyk eder

Türkmen edebiýatynyň uly ýitgisi

Türkmenistanda howa -8 gradusa çenli sowar, gar gatyşykly ýagyş ýagar

Röwşen Nepesow Täze ýyl konsertine çagyrýar