MEDENIÝET

Anjelina Joli Çerçilliň suratyny satdy

Golliwudyň dünýä belli aktrisasy Anjelina Joli Beýik Britaniýanyň ozalky Premýer-ministri Uinstin Çerçilliň çeken suratyny 11,5 million dollara satdy. Bu barada “Christie’s” söwda öýi habar berýär.

Bu sungat eseri Beýik Britaniýanyň ozalky Premýer-ministri Uinstin Çerçilliň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tamamlan ýeke-täk eseridir. 1943-nji ýylda Marrakeşde “Kutubiýa metjidiniň diňi” atly surat eserini tamamlapdy we ony ABŞ-nyň Prezidenti Franklin Ruzwelde sowgat edipdi.

Söwda öýünde satylan surata ilkibaşda 1.5-2.5 million dollar baha kesgitlenipdi. Beýik Watançylyk urşy döwründe tamamlanan bu eserde Marrakeş şäherindäki XII asyrda gurlan metjidiň Gün ýaşýan pursatyndaky şekili çekilipdir.

Bu suraty Anjelina Joli we onuň ozalky ýanýoldaşy Bred Pitt 2011-nji ýylda satyn alypdy.

Beýik Britaniýanyň ozalky Premýer-ministri Uinstin Çerçill durmuşynda 500-den gowrak surat çekipdir.

 

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

 

 

32 ýylda 22 perzent

 

 

Ýene-de okaň

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi