BIZNES

Angliýanyň ilkinji milliarder sazandasy boldy

Meşhur Pol Makkartni baýlygy 1 milliard funt-sterlinge ýeten ilkinji beýik britaniýaly sazanda boldy. 81 ýaşyndaky Makkartniniň bir ýylyň dowamynda baýlygy 50 million funt-sterling köpeldi. Bu hem onuň “Got back” aýdym-saz konsertlerinden gazanan girdejisi boldy.

Dünýä belli “Beatles” toparynyň sazandasy Angliýanyň ilkinji milliarder sazandasy adyna eýe boldy.

Aýaly Nensi bilen bilelikde Angliýanyň iň baý adamlarynyň sanawynda 165-nji ýeri eýeledi. Beýik Britaniýanyň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji orny hindi asylly Hinduýa maşgalasy eýeleýär. Gopi Hinduýanyň umumy baýlygy bir ýylyň dowamynda 2 milliard funt-sterling artyp, 37,2 milliard funt-sterlinge ýetdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder