SPORT

Angliýanyň çempionatynda garaşylmadyk netijeler: 57 ýyldan soň…

“Liwerpul”

Futbol boýunça Angliýanyň “Premýer liga” çempionatynda taryhy waka bolup geçdi. 30 ýyldan soň Angliýanyň çempionlygy gazanan we Çempionlar ligasynyň 2018/2019 möwsüminde çempion bolan “Liwerpul” topary, çempionatyň 4-nji tapgyrynda “Birmingem” şäherinde uly hasap bilen ýeňşe sezewar boldy. Çempionatyň tapgyrynda “Aston Willa” bilen “Liwerpul” toparlary duşuşdy. Duşuşyk 7:2 hasaby bilen “Aston Willa” toparyna garşy tamamlandy. Netijede “Aston Willa” toparlaryň düzüminde Olli Uotkins – 3 gezek, Jek Grilliş – 2 gezek, şeýle hem Rossi Barkli we Jon Makgin hersi bir pökgi geçirmegi başardylar. “Liwerpul” toparynyň iki jogap pökgüsini bolsa Mohammed Salah geçirdi.

Şeýlelik bilen “Liwerpul” topary, 1963-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 7 gol öz derwezesinde gördiler.

“Tottenhem”: uly hasaply ýeňiş

Angliýa çempionatynyň 4-nji tapgyrynda “Old Trafford” stadionynda “Mançester Ýunaýted” topary “Tottenhem” topary bilen garşylaşdylar. Hasap eýýäm oýnuň ikinji minutynda açylýar. Ýer eýeleriniň ýarymgoragçysy Bruno Fernandes jerime urgusyny üstünlikli ýerine ýetirdi. Şondan soň Tangi Ndombele we Son Heung-Min “Tottenham” toparynda tapawutlandylar. Şeýlelik bilen, 7-nji minutda çenli toparlar eýýäm üç pökgi geçirdiler we bu görkeziji Angliýanyň premýer-ligasynda 2010-njy ýylyň aprelinde üç pökgi geçirilenden bäri iň gowy netije diýip hasaplanyldy. 1999-njy ýylyň fewral aýyndan bäri, ilkinji gezek 7 minudyň dowamynda iki toparyň hem derwezesine üç pökgi gönükdirildi. Mundan soňra Mourinýonyň şägirtleri 4 gezek gol geçirdiler. Umumy duşuşykda “Tottenhem” toparynyň düzüminde tapawutlanan oýunçylar: Ndombele, Son Heung-Min (2 gezek), Harri Keýn (2 gezek), şeýle hem Serž Orýe. Şunuň bilen “Mançester Ýunaýted” topary, Angliýanyň premýer-liga çempionatynyň taryhynda üçünji gezek 6 pökgi geçirtdi.

 

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Ýene-de okaň

Türkmenistanda iň çalt gol hasaba alyndy

Messi «Inter Maýami» bilen 2028-nji ýyla çenli şertnamasyny uzaltdy

«Arkadag» topary AFK-2 Çempionlar ligasynda «Al-Ahli» bilen deňme-deň oýnady

Durant NBA taryhyndaky iň köp hak alýan basketbolçy bolar

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy FIFA-nyň Tehniki ösüş komitetiniň agzalyga saýlandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty üçin 1 milliondan gowrak bilet satyldy

Ata Watan Eserleri