SPORT

Angliýada hem 5 oýunçy çalyşmaga rugsat berildi

Angliýanyň “Premýer ligasy” 17-nji iýundan täzeden badalga alar. Koronawirus sebäpli togtadylan futbol duşuşyklary galan tapgyrdan dowam etdiriler. Şoňa bagyşlanyp toparlaryň arasynda maslahat geçirildi. şol masalahatda çempionat tamamlanýança, duşuşyklarda 5 oýunçy çalyşmaga rugsat berildi.

Mundan beýläk toparlarda ätiýaçda 9 sany futbolçy bolar (öň rugsat berlen 7) we 5 oýunçy çalşygy amala aşyrylar. Bellenilişi ýaly, bu başlangyjy “Çelsi” topary öňe sürdi. Bu başlangyç beýleki toparlar tarapyndan goldaw tapdy.

Üç hepdäniň dowamynda galan tapgyrlaryň duşuşyklaryny geçirip, iýul aýynyň ahyryna çenli möwsümi tamamlamak göz öňünde tutulýar. Şol bir wagtyň özünde toparlar oýunlaryň arasynda 48 sagat wagt salmak isleýärler. Angliýanyň “Premýer ligasy” 17-nji iýunda “Aston Villa – Şeffild Ýunaýted” we “Mançester Siti – Arsenal” duşuşyklary bilen badalga alar.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler