TEHNOLOGIÝA

“Android” tilsimatly akylly telefonlar

Meşhur “AnTuTu” synag programmasyny döredijiler, ulanyjylaryň göwnünden turýan “Android” operasiýa ulgamyny işleýän akylly telefonlaryň maý aýynyň sanawyny çap etdiler. Birinji ýeri 99,99% göterim netije bilen täze  çykan “Meizu 17 Pro” akylly telefony aldy. Ondan soň sanawda “Honor 30 Pro +”, “Samsung Galaxy S20 Ultra”, “Black Shark 3 Pro”, “Samsung Galaxy Note 10+”, “Samsung Galaxy S20 +”, “Huawei Mate 30 5G”, “Vivo NEX 3 5G”, “Samsung Galaxy S10 +” we “Huawei Nova 6” akylly telefonlar öz tertiplerine görä ýerleşdiler.

“Meizu 17 Pro” hakykatdanam geň galdyrdy. Täze “AnTuTu-nyň” sanawynda ähli bäsdeşlerinden öňde durýar. Maý aýynda çykan “Meizu 17 Pro” 6,6 dýumlyk “Samsung Super AMOLED” ekrany, “Snapdragon 865” bir çipli ulgam we UFS 3.1 fleş ýady bilen enjamlaşdyryldy. 30W ultra çalt simli zarýad bermekden başga-da, “Meizu 17 Pro 27W” simsiz çalt “mCharge Super Wireless-i” hem goldaýar. 30 minutda 47% -e çenli energiýa bilen 4500 mAh batareýa tok berip biler. Gijeki akylly zarýad bermek şeýle hem gulaklyk we sagat üçin ters zarýad bermek üçin goldaw bar. “Meizu 17” yzky paneli aýnadan ýasalan bolsa, “Meizu 17 Pro” keramiki örtük bilen ýasaldy.

Ýene-de okaň

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty

Gazagystanda emeli intellekti ösdürmek boýunça geňeş dörediler

Daşoguz şäherinde «Kamaz» okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy

Oksford sözlügi 2024-nji ýylyň sözüni yglan etdi

Türkmenistanda Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar

Ata Watan Eserleri