SIZDEN GELENLER

Ananasyň peýdaly häsiýetleri  

Ananasyň watany Günorta Amerika hasaplanylýar. Olary uly göwrümde ösdürip ýetişdirmek XIX  asyryň başlarynda ýüze çykypdyr. 1950-njy ýyllardan başlap ananasy ösdürip ýetişdirmek ýokary derejelere eýe bolupdyr.

Häzirki wagtda ýer ýüzi boýunça öndürilýän ananasyň esasy bölegini Taýlandda, Flippinlerde we Braziliýada öndürilýär. Göräýmäge ananasyň daşky örtüginiň dokalan deri we gök öwüsýän ýaşyl ýapraklarynyň barlygy sebäpli ol özüne çekiji däl ýaly bolup görünse-de, onuň süýji, ýakymly ysly we şireli miwesiniň bolanlygy sebäpli köpleriň islegini gazanan miwedir.

Adamyň bedenindäki artykmaç ýaglary ýakmakda we içegeleriň, iýmit siňdiriş ulgamynyň we aşgazan asty mäziniň işleýşini gowlandyrmakda ananas esasy iýmitlik miwe hasaplanylýar. Horlanmak isleýän adamlar bu miweleri iýseler maksadyna ýeterler.

Ananasyň ýetişen miweleri iýilende düzümindäki kaliýniň köp mukdarda jemlenmegi sebäpli bedende bar bolan artykmaç suwlar çaltlyk bilen çykýar. Mundan başgada ananasyň düzüminde köp mukdarda witaminler we minerallar bardyr. Şeýle hem bu miwede bromelain (ýörite ferment toplumy) bardyr. Bu ferment toplumynyň kömegi bilen beloklaryň we ýaglaryň çalt bölünmegi bolup geçýär, şonuň üçin ananas çalt horlanmklyga kömek edýär.

Bromelain täze ösüp ýetişen miwelerde bolýar. Şonuň üçin hem berhiz saklanan ýagdaýynda täze miweleri iýmeklik has-da netijeli bolar.

Ananas özüniň berhizlik häsiýeti bilen birlikde ol ýokary gan basyşyny peseltmäge, ýürek-damar ulgamynda döreýän keselleriň öňüni almaga, bedenden artykmaç suwuklygy aýyrmaga, merkezi nerw ulgamynyň işini kadalaşdyrmaga kömek edýär.

Ananasda fermentler bardyr. Olar iýmitiň has gowy siňmegine kömek edýän maddalardyr. Şeýle hem bu miwe bedeniň wiruslara garşy durmaklygyna ýardam berýär.

Bu tropiki miwe dürli minerallaryň hakyky “hazynasydyr”. Onda ýod, marganes, magniý, kalsiý, fosfor, kaliý, sink we mis ýaly elementler bardyr. Bulardan başga-da onda A, B we C witaminleri bardyr.

Ananasyň 100 gram iýmitlik gymmaty 49 kkal-dyr. Onuň düzüminiň 15 göterimi şeker we 86 göterimi suw bolanlygy sebäpli ananasyň sary eti örän süýji we şirelidir.

Alymlaryň aýtmagyna görä, bu süýji miwäniň düzüminde altmyşdan gowrak dürli ysly maddalar bardyr.

 

GARAJAÝEW GUWANÇ,

TOHU-nyň talyby

 

Özbegistan türkmen gazyny alýar

 

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty