JEMGYÝET

Amsterdam 2030-njy ýylda elektrikli ulaga doly geçer

Gollandiýanyň paýtagty Amsterdam şäherinde howanyň arassalygyny goramak babatynda juda aýgytly karara gelindi. Täze karara laýyklykda ýene-de 11 ýyldan soňra, ýagny 2030-njy ýyldan başlap, şähere benzin we dizel ýangyjy bilen işleýän ulaglar bütinleý goýberilmez.

Bu çärä ýene 11 ýyl wagt bar diýip arkaýynlaşmak hem bolmaz. Oňa taýýarlyk işleri eýýäm indiki ýyldan başlap güýje girýär. Mysal üçin, 2020-nji ýylda şähere öndürilenine 15 ýyldan geçen dizelli işleýän ulaglaryň goýberilmejekdigi aýdyldy. Şeýle hem şäherde 2022-nji ýylda awtobuslaryň, 2025-nji ýylda bolsa skuterlerdir motosiklleriň hereketi çäklendiriler.

Bu işleriň ýany bilen şäheriň ýaşaýjylaryna elýeter bahadan elektrokar almaga hem mümkinçilik döredildi. Benzinli ýa-da dizel ýangyjy bilen işleýän ulagy bolan adamlar üstüne biraz möçberde pul töläp, elektrokar alyp bilerler.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri