BILIM

Amerikanyň iň gowy 25 döwlet uniwersiteti: 8-si Kaliforniýadan

“Forbes” žurnalynyň 2025-nji ýyl üçin taýýarlan sanawynda býujetli okuw, ýokary okuw üstünlikleri we uçurymlaryň ortaça zähmet haky ýaly görkezijiler esasynda ABŞ-yň iň gowy 25 döwlet uniwersiteti saýlandy. Sanawyň başyny “UC Berkeley” çekdi; ol “Forbes”-iň umumy TOP-500-de hem 5-nji orunda ýerleşdi.

Näme esasynda saýlandy?

“Forbes” görkezijileriň gerimi giňeldildi: uçurymlaryň gysga hem-de uzak möhletli ortaça gazanjy, talyp karzy, pes girdejili talyplar üçin netijeler (Pell grant alýanlar), okuwy tamamlaýyş derejesi, ROI we akademiki üstünlikler. Şu ýylky TOP-25-de talyplaryň takmynan 25%-i federal karz alýar, 22,5%-i bolsa Pell grantlaryna mynasyp boldy.

Iň gowy 25 döwlet uniwersiteti (2025)

  1. University of California – Berkeley (CA)
  2. University of California – Los Angeles (CA)
  3. University of California – San Diego (CA)
  4. University of Michigan – Ann Arbor (MI)
  5. University of Florida (FL)
  6. University of California – Irvine (CA)
  7. Georgia Institute of Technology – Main Campus (GA)
  8. University of North Carolina at Chapel Hill (NC)
  9. University of Virginia – Main Campus (VA)
  10. University of Maryland – College Park (MD)
  11. University of Illinois Urbana–Champaign (IL)
  12. University of California – Santa Barbara (CA)
  13. University of California – Davis (CA)
  14. The University of Texas at Austin (TX)
  15. University of Washington – Seattle Campus (WA)
  16. University of Wisconsin – Madison (WI)
  17. California Polytechnic State University – San Luis Obispo (CA)
  18. University of Georgia (GA)
  19. William & Mary (VA)
  20. Texas A&M University – College Station (TX)
  21. Purdue University – Main Campus (IN)
  22. University of California – Santa Cruz (CA)
  23. North Carolina State University at Raleigh (NC)
  24. Binghamton University (SUNY) (NY)
  25. Rutgers University – New Brunswick (NJ)

Kaliforniýanyň öňe çykmagynyň sebäbi näme?

Kaliforniýadan jemi 8 döwlet okuw jaýy TOP-25-e girdi: UC-nyň 7 kampusy (Berkeley, UCLA, UCSD, UCI, UCSB, UCD, UCSC) we Cal Poly SLO. Bu öňe çykmagynyň esasynda ýokary ylmy netijeler, D1 sportlary, giň iş üpjünçilik ulgamlary we uçurymlaryň ýokary gazanjy ýaly faktorlar bar.

Käbir öndäki görkeziji mysallary

  • UC Berkeley uçurymlarynyň 3 ýyldan soňky ortaça gazanjy $90,900, 20 ýyldan soň $170,100 — döwlet uniwersitetleriniň arasynda iň ýokarlaryň biri.
  • Georgia Tech uçurymlary 3 ýyldan soň $92,900 bilen iň ýokary başlangyç gazanjyň biri bolup durýar.
  • UC Davis talyplarynyň mediana karzy $11,000 — TOP-25-de iň pes görkeziji.

Ýene-de okaň

Bäherden etrabynda täze çagalar bagy açyldy

Pekindäki mekdeplerde emeli intellekt boýunça hökmany sapaklar girizildi

Ýol hereketiniň howpsuzlygy: Aşgabatda okuwçylar üçin amaly-tejribe okuwy guraldy

Ata Watan Eserleri

1-nji synp okuwçylaryna “Bilimli” atly noutbuk kompýuterler sowgat berildi

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine halkara derejeli güwänamalar we baýraklar gowşuryldy

Lebap welaýatynda täze mekdep ulanmaga berildi