Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ saparynyň çäklerinde millionlarça teletomaşaçylary bolan “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Hanyň sowallaryna jogap berdi.
Gahryman Arkadagymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň esasy maksatlary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi.
Rizwan Han Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, bu ugurda häzirki wagtda işleriň ýagdaýy nähili barada sowal bilen ýüzlendi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şeýle jogap berdi:
– Biziň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen hyzmatdaşlygymyz yzygiderli ösýär, özara bähbitli we deňhukukly esasda alnyp barylýar.
Köp ýyllaryň dowamynda amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda umumy bahasy 45 milliard ABŞ dollaryna golaý bolan ýüzlerçe ykdysady taslamalar amala aşyryldy we aşyrylýar.
Örän uly amerikan kompaniýalary köpden bäri türkmen bazarynda, möhüm ugurlar bolan ýangyç-energetika toplumynda, ulag ulgamynda, elektroenergetikada, programma üpjünçiliginde, oba hojalygynda, azyk senagatynda we beýleki pudaklarynda üstünlikli işleýärler. Biz şeýle hyzmatdaşlygy goldaýarys we iň ýokary baha berýäris, mundan beýläk hem ony höweslendireris we goldarys. Men şeýle kompaniýalaryň arasynda «John Deere», «General Electric», «Case», «Boeing», «Coca-Cola», «Sikorsky», «Caterpillar» ýaly kompaniýalary görkezip bilerin. Bular sanawdaky kompaniýalaryň hemmesi däldir.
2008-nji ýylda biziň başlangyjymyz bilen döredilen Türkmen-amerikan Işewürlik Geňeşiniň möhüm ornuny aýratyn bellemek isleýärin.
Şondan bäri geçen döwürde ol ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm we täsirli guralyna öwrüldi. Iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmakda, ösdürmekde we berkitmekde, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny bilelikde gözlemekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda uly taslamalary amala aşyrmak üçin netijeli meýdança öwrüldi. Işewürlik Geňeşi iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda mynasyp abraýa eýe boldy, onuň pikirleri we maslahatlary Türkmenistanyň hem-de ABŞ-nyň döwlet edaralary tarapyndan diňlenilýär.
Şol bir wagtda özara mümkinçilikleri has giňden peýdalanyp boljakdygy äşgärdir. Ilki bilen, Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmegi, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri giňden ornaşdyrmagy, uly milli we halkara infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmagy göz öňünde tutmak bolar.
Biz Türkmenistanda innowasion we ylma esaslanýan önümçilikleriň ösüşine amerikan maýa goýumlaryny we tehnologiýalaryny çekmek babatda uly mümkinçilikleri görýäris. Şeýle hem elektroenergetika, kompýuter we logistika hyzmatlary, bilim we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugurlarynda gowy mümkinçilikleriň bardygyny görýäris.
