BILIM

Amerikada Talyp haky bilen bilim almak isleýärsiňizmi: Fulbraýt maksatnamasy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda talyp haky bilen master derejesini almak isleýärsiňizmi? Onda Size Fulbraýt maksatnamasy garaşýar. Magistr derejesini almak boýunça Fulbraýt maksatnamasy üçin 2023-2024-nji okuw ýyly üçin açyk bäsleşik yglan edilýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň web saýtynda habar berlişine görä, Fulbraýt adyndaky maksatnamasy Türkmenistanyň meşhur ýaş hünärmenlerine 2023-nji ýylyň awgustyndan başlap, ABŞ-nyň belli bir uniwersitetinde magistr derejesini almak mümkinçiligini berýär. Bu maksatnama bir ýa-da iki ýyl dowam eder. Lukmançylyk, weterinar ylymlary, şeýle hem näsaglar bilen ýüzbe-ýüz aragatnaşygy talap edýän hünärlerden başga ähli ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär. Resminamalar 2022-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli kabul edilýär.

Resminamalaryňyzy şu websahypa tabşyryp bilersiňiz: https://apply.iie.org/ffsp2023

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar (ähli dokumentler resminamanyň özüne yüklenmelidir):

Gerekli resminamalar:

  • Ýokary okuw jaýyny tamamlandygy barada diplom we şonuň ýany bilen berilýän transkript
  • СV ýa-da rezýume
  • Ýokary okuw jaýyny tamamlanyndan soň, azyndan 2 ýyl iş tejribesi bolmaly
  • Üç (3) sany hödürnamalar (resminama bilen bilelikde tabşyrylmaly)
  • Iňlis dilini ýokary derejede bilmek
  • TOEFL/GRE/GMAT synaglarynyň bahalary (bar bolsa)

Dykgat ediň:

Tabşyrylýan dokumentleriniň ählisi iňlis dilinde tabşyrylmaly, ýa-da ýanyna iňlis diline edilen resmi terjimelerini çatmaly

ABŞ-da ýaşaýan adamlar bu maksatnama gatnaşyp bilmeýärler

Dalaşgärler resminamalaryny tabşyrýan wagtynda Türkmenistanda ýaşaýan bolmaly

Gatnaşyjylaryň saýlanylyşy:

31-nji maýa çenli: ähli gerekli dokumentleri bilen doldurylan resminamany tabşyrmaly.

Iýun aýynyň birinji ýarym aýy: ABŞ-nyň Ilçihanasy resminamalary barlaýar. Bu tapgyrdan geçen dalaşgärlere elektron poçta arkaly habar berilýär we olar söhbetdeşlige çagyrylýar.

Iýun aýynyň ikinji ýarym aýy: çagyrylan dalaşgärler bilen söhbetdeşlik geçirilýär.

Sentýabr-oktýabr aralygy: ABŞ-nyň Ilçihanasy söhbetdeşlik tapgyryndan geçen dalaşgärleri TOEFL, GRE/GMAT synaglaryna registrasiýa edýär. Fulbraýt maksatnamasy synaglaryň tölegini özi geçirýär.

Oktýabr: ähli tapgyrlardan geçen dalaşgärleriň sanawy Waşington şäherindäki Fulbraýt maksatnamasynyň komiteti tarapyndan gutarnykly netije üçin seredilýär.

Goşmaça maglumat:

TOEFL/GRE/GMAT synaglary barada goşmaça maglumatlary şu websahypalardan görüp bilersiňiz:

TOEFL: https://www.ets.org/toefl

GRE: https://www.ets.org/gre

GMAT: https://www.mba.com/exams/gmat

Ähli dalaşgärlere TOEFL/GRE/GMAT synaglaryna synag geçirilýän wagtyndan has öňden taýýarlyk görmegiňizi maslahat berýäris. Sebäbi bu synaglaryň bahalary uniwersitetler üçin wajyp ähmiýeti bardyr.

Bu maksatnama boýunça goşmaça soraglaryňyz bar bolsa, ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine AshgabatEducation@state.gov  elektron salgysy ýüz tutup bilersiňiz.

Resminamalar 2022-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli kabul edilýär.

Amerika Size garaşýar: Täze başlaýanlar üçin

Ýene-de okaň

Wengriýa her ýyl Özbegistanyň raýatlary üçin 200-e çenli talyp hakyny bölüp berer

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy kitap sergisini gurnaýar

Türkmen okuwçylary halkara himiýa olimpiadasynda 3 medal gazandy

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine 500 talyp kabul ediler

Türkmenistanda 2025-2026-njy okuw ýylynda 16 müň 782 talyp okuwa kabul ediler

Türkmenistanda Hytaýyň Lu Ban ussahanasynyň işi ýola goýlar