BILIM

Amerikada stipendiýaly magistr mümkinçiligi:Fulbraýt maksatnamasynda soňky birnäçe gün

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda stipendiýaly magistr derejesini almak üçin  uly mümkinçilik.Bu ýurdyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň web saýtyndaky habara görä, 2024-2025-nji ýyl üçin Fulbraýt maksatnamasy boýunça magistr derejesini almak maksatnamasyna resminamalar kabul etmek başlady. Resminamalar 2023-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli kabul edilýär. Ähli tapgyry geçenler 2024-nji ýylyň awgust aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda magistr derejesini almak üçin başlamak mümkinçiligine eýe bolar.

Fulbraýt maksatnamasy boýunça magistr derejesini almak maksatnamasy Türkmenistanyň meşhur ýaş hünärmenlerine 2024-nji ýylyň awgustyndan başlap, ABŞ-nyň belli bir uniwersitetinde magistr derejesini almak mümkinçiligini berýär. Bu maksatnama bir ýa-da iki ýyl dowam eder. Lukmançylyk, weterinar ylymlary, şeýle hem näsaglar bilen ýüzbe-ýüz aragatnaşygy talap edýän hünärlerden başga ähli ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär.

ABŞ-da magistr okamak üçin resminamalar tabşyrmak üçin şu line girip bilersiňiz

Maksatnama barada giňişleýin maglumat  almak üçin AshgabatEducation@state.gov salgysyna ýüz tutup bilersiňiz.

Diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetleriň sanawy-2023

Täze karar : pandemiýa döwründäki daşary ýurt diplomyny ykrar etmek

 

Ýene-de okaň

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen ýaşlaryny bilim almak mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy

Aşgabatda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy başlandy

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň bilim innowasiýalaryny öwrenýär

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy