SPORT

Amerika 65 ýyldan soňra dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň hokkkeý boýunça milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň final duşuşygynda Şweýsariýanyň ýygyndysyny ýeňip, dünýä çempiony boldy. Çempionat Şwesiýanyň Stokgolm şäherinde geçirildi.

Duşuşyk 1:0 hasabynda amerikalylaryň peýdasyna tamamlandy. Goşmaça wagtda, ýagny 63-nji minutda Teýj Tompson tapawutlandy.

Şeýlelikde, ABŞ 65 ýyldan soňra 3-nji gezek dünýä çempiony boldy. Mundan ozal, 1933-nji we 1960-njy ýyllarda çempion bolan ABŞ-nyň ýgyndysy 9 gezek kümüş medalyň eýesi boldy.

Şweýsariýanyň ýygyndysy 5 gezek finala çykdy we 5-sind ehem ýeňildi. Mundan ozal, Şweýsariýa 1935-nji, 2013-nji. 2018-nji we 2024-nji ýyllaryň finalynda oýnapdy.

Hokkeý boýunça dünýä çempionaty 1920-nji ýyldan bäri geçirilýär. 1930-njy ýyldan bäri bu ýaryş her ýyl geçirilýär. Dünýä çempiony bolmakda Kanadanyň milli ýygyndysy rekordyň eýesidir. Bu döwlet 28 gezek çempion boldy. Ilkinji üçlüge Russiýa (22 gezek SSSR, 5 gezek Russiýa) we Çehiýa (7 gezek Çehiýa, 6 gezek Çehoslowakiýa) girýär.

Russiýanyň milli ýygyndysy bassyr 4 çempionata gatnaşmady. Soňky gezek 2021-nji ýylda gatnaşypdy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady