BIZNES

«AMC Overseas» Türkmenistandaky işini giňeltmek isleýär

Birleşen Arap Emirliklerindäki Türkmenistanyň ilçisi Serdarmämmet Garajaýew bilen «AMC Overseas» kompaniýasynyň direktory Şuwra Çakrabortiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ilçihananyň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň esasy maksady «AMC Overseas» kompaniýasynyň Türkmenistanyň Maýa goýum forumyna gatnaşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak boldy. Bu forum 10-11-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçiriler.

Türkmenistanyň diplomaty bu forumyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we durnukly ykdysady ösüşi öňe sürmäge gönükdirilendigini belledi. Şeýle hem ilçi «AMC Overseas» kompaniýasynyň azyk we oba hojalygy ugurlarynda söwda we maýa goýumlary boýunça tejribesini nazara almak bilen, Şuwra Çakrabortiniň bu çärä gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýetlidigini nygtady.

Duşuşykda «AMC Overseas» kompaniýasynyň öz işlerini Türkmenistanda amala aşyrmak mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Jenap Çakraborti, esasan-da, söwda, maýa goýumlary we oba hojalygy pudaklarynda bu mümkinçilige uly gyzyklanma bildirdi.

Taraplar kompaniýanyň Türkmenistanyň baý tebigy serişdelerini we strategiki söwda artykmaçlyklaryny peýdalanmak bilen, Türkmenistandan Ýakyn Gündogar we Afrika bazarlaryna harytlary we azyk önümlerini eksport etmek mümkinçiligini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň BAE iş sapary tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan 700 sany “Yutong” kysymly awtobuslary satyn alar

Ata Watan Eserleri

“Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy Arkadag şäherinde Çeper halyçylyk kärhanasyny gurar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk söwda nokatlary açylar

Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny doly aradan aýrar

2023-nji ýylda Türkmenistanda 11 müňden gowrak täze iş orunlary döredildi